Dip­lo­mat wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za öz ýur­du­nyň Pre­zi­den­ti­niň we Prem­ýer-mi­nist­ri­niň mä­hir­li sa­la­my­ny hem-de Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň go­laý­la­şyp gel­ýän şan­ly 25 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li gut­lag­la­ry­ny, tu­tuş türk­men hal­ky­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di.
Şun­da Ita­li­ýa­nyň oňyn da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ry dur­mu­şa ge­çir­ýän hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­rin­de iş­jeň or­ny eýe­le­ýän Türk­me­nis­tan bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi tas­syk­la­nyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ita­li­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li ýol­baş­çy­la­ry­na mä­hir­li sa­la­my­ny be­ýan edip, je­nap Lu­ça­no Gal­li­ni jo­gap­kär­li dip­lo­ma­tik we­zi­pä bel­le­nil­me­gi bi­len gut­la­dy hem-de bu işi ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Mil­li Li­de­ri­miz Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň Ita­li­ýa bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry, şol san­da Ýew­ro­pa bi­len üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga ça­lyş­ýan­dy­gy­ny nyg­tap, däp bo­lan dost­luk­ly döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ok­gun­ly ös­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da döw­let Baştutanymyz we ita­li­ýa­ly dip­lo­mat iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy hem-de gel­je­gi ba­ra­da pi­kir al­şyp, söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak hem-de di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly ar­ka­ly ös­dür­mek üçin ägirt uly kuw­wa­tyň bar­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar.
Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa, tu­tuş dün­ýä­de meş­hur bo­lan ENI ital­ýan kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýur­du­myz­da köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ne­ti­je­li iş­le­ýän­di­gi öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň aý­dyň my­sa­ly bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Dok­ma pu­da­gyn­da hem, hu­su­san-da, ýur­du­my­zyň kär­ha­na­la­ry­ny ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly en­jam­lar bi­len üp­jün et­mek ug­run­da ne­ti­je­li iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy.
Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki öza­ra gat­na­şyk­la­ryň yzy­gi­der­li hä­si­ýe­ti soň­ky ýyl­lar­da türk­men-ital­ýan hyz­mat­daş­ly­gynyň has-da iş­jeň­le­şen­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 2019-njy ýy­lyň no­ýabr aýyn­da Ita­li­ýa Res­pub­li­ka­sy­na bo­lan res­mi sa­pa­ry döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryny ös­dür­me­giň mö­hüm tap­gy­ry­na öw­rül­di. Rim­de ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar kö­pu­gur­ly iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy hil taý­dan tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dyr­dy.
Şol sa­pa­ryň çäk­le­rin­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň Ita­li­ýa­nyň iri işe­wür­li­gi­niň we­kil­le­ri bi­len du­şu­şan­dy­gy hem bel­lär­lik­li­dir. Şol du­şu­şy­gyň bar­şyn­da dost­luk­ly ýur­duň esa­sy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gel­je­gi uly türk­men ba­za­ryn­da eýe­le­ýän or­nu­ny has-da gi­ňelt­mä­ge ça­lyş­ýan­dy­gy ýe­ne-de bir ge­zek tas­syk­la­nyl­dy. Bu ýer­de amat­ly ma­ýa go­ýum ýag­da­ýy dö­re­dil­di.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şu ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da Ita­li­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ser­jio Mat­ta­rel­la bi­len bo­lan te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­li­giň bar­şyn­da hor­mat­ly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­ma­gyň anyk gu­ral­la­ry­ny ke­ma­la ge­tir­mek we onuň kuw­wa­tyn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi be­ýan et­di.
Ylym we bi­lim ul­ga­myn­da hem öza­ra gat­na­şyk­la­ryň oňyn tej­ri­be­si bar. Ita­li­ýa­nyň esa­sy ugur­daş mer­ke­zi bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy. Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bir­nä­çe­sin­de ital­ýan di­li yzy­gi­der­li oka­dyl­ýar. Hä­zir­ki döw­rüň we­him­le­ri­ni na­za­ra al­mak bi­len, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak hem mö­hüm bo­lup dur­ýar.
«Türk­me­nis­tan – Ita­li­ýa» me­de­ni hyz­mat­daş­lyk bi­le­lik­dä­ki yn­san­per­wer tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin he­mi­şe­lik he­re­ket ed­ýän bin­ýat bo­lup bi­ler­di. Mil­li Liderimiz ony dö­ret­me­giň mak­sa­da la­ýyk­dy­gy ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy Ita­li­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len ýo­kar­da ag­za­lan te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­li­giň bar­şyn­da öňe sür­di.
Söh­bet­deş­li­giň bar­şyn­da döw­let Baştutanymyz hem-de Ita­li­ýa­nyň do­ly yg­ty­ýar­ly we­ki­li BMG-niň we beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni bel­le­di­ler. Bu ba­bat­da ta­rap­lar bi­rek-bi­re­ge dü­şün­ýän­dik­le­ri­ni, öňe sü­rül­ýän baş­lan­gyç­la­ry öza­ra gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny hem-de se­bit we äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň wa­jyp me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ga­ra­ýyş­la­ry­nyň ýa­kyn­dy­gy­ny ýa-da ga­bat gel­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär­ler.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da dip­lo­mat hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge uly üns ber­ýän­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, öz ta­ra­pyn­dan, deň­hu­kuk­ly­lyk, öza­ra yna­nyş­mak esa­syn­da gu­ral­ýan hem-de ta­rap­la­ryň uzak­möh­let­li bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän däp bo­lan türk­men-ital­ýan dost­luk gat­na­şyk­la­ry­ny we hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga hem­me­ta­rap­la­ýyn ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.