Germaniýanyň wekili Helga Şmid Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary wezipesine bellener. Bu barada ÝHHG-niň daşary işler ministrleri geňeşiniň 27-nji mejlisinde ÝHHG-niň häzirki Baş sekretary, Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama habar berdi.
-ÝHHG-niň Baş sekretary wezipesine Helga Şmid bellenip, demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça bölümiň müdiri Matteo Mekaççi, metbugat wekili Tereza Ribeiro, Milli azlyklar boýunça işleriň ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanow bolar – diýip, Edi Rama aýtdy.
59 ýaşly germaniýaly zenan Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary wezipesine bellenmezinden ozal, Ýewropanyň daşary syýasat gullugynda möhüm orny eýeledi. Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrliginiň bir görnüşi hökmünde hereket edýän bu gulluga Ýewropanyň diplomatik gullugy hem diýilýär.