Tebigatyň arassa saklanmagy üçin ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk ýokarlanýar. Bu ugurda döwlete degişli we hususy eýeçilikdäki edara-kärhanalar tarapyndan dürli taslamalar durmuşa geçirilýär. Fran­si­ýa­da bu maksat bilen bir ge­zek ulan­ma­ga ni­ýet­le­nen gap-gaç­lar­dyr bul­gur­la­ryň ula­ny­ly­şyny ara­dan aýyrmak barada kanun taslamasy taýýarlandy. Bu düz­gün 2020-nji ýyl­da güý­je gi­rer. De­giş­li ka­nu­nyň tas­la­ma­sy­ny go­laý­da ýur­duň mil­li par­la­men­ti tas­syk­la­dy. Oňa gö­rä, bir ge­zek­lik ulan­ma­ga ni­ýet­le­nen gap-gaç­lar do­lu­ly­gy­na bio­lo­gik çeş­me­ler­den al­nan bol­ma­ly. Şeý­le hem ola­ryň or­ga­ni­ki we zy­ňy­lan ha­la­tyn­da dö­kün hök­mün­de bol­ma­gy şert­len­di­ril­ýär.
Ýurt­da iýul aýyn­da äh­li gör­nüş­li plast­mas­sa tor­ba­lar hem ga­da­gan edi­lip­di. Ge­çen ýy­lyň ahy­ryn­da Pa­riž­de ho­wa­nyň öz­ger­me­gi­ne ba­gyş­la­nan hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ri­lip­di. Fran­si­ýa te­bi­ga­ty go­ra­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýän nus­ga­lyk ýurt­la­ryň bi­ri­dir.
Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mak­sa­dy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän taslamalar başga-da az däl. Bilermenler 2035-nji ýyl­a çenli ne­bit önüm­le­ri bi­len iş­le­ýän ulag­la­ry ara­dan aýy­rmagyň has peýdaly boljakdygyny ýaňzydýarlar.
2015-nji ýyl­da Pa­riž­de ge­çi­ri­len hal­ka­ra sam­mit­de glo­bal ma­ýyl­gan­ly­gyň azal­dyl­ma­gy üçin anyk mak­sat­na­ma­lar hö­dür­le­nip­di. Dün­ýä­de ho­wa­nyň ma­ýyl­gan­ly­gy­nyň or­ta­ça 1,5 de­re­je­den köp art­ma­gy de­ňiz de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na we ke­nar­ýa­ka şä­her­le­ri­niň kä­bir­le­ri­niň su­wuň aşa­gyn­da gal­ma­gy­na ge­ti­rip bi­ler.
Ho­wa­nyň ýy­ly­ly­gy­nyň art­ma­gy­nyň esa­sy se­bä­bi bol­sa, at­mos­fe­ra­da bi­ri­gip gal­ýan gaz­lar­dyr. Bu gaz­lar ýy­ly­ly­gyň at­mos­fe­ra­dan da­şa­ry çyk­ma­gy­na päs­gel­çi­lik dö­re­dip, ho­wa­ny gyz­dyr­ýar. Ma­ýyl­gan­ly­ga se­bäp bol­ýan gaz­la­ryň 14 gö­te­ri­mi­ni ulag se­riş­de­le­ri eme­le ge­tir­ýär. Şol se­bäp­li hü­när­men­ler elekt­rik ener­gi­ýa­sy, bio­ýan­gyç, wo­do­rod ýa­ly ýan­gyç­lar­dan peý­da­la­nyl­ma­ly­dy­gy­ny aýd­ýar­lar.
Elektroulaglaryň ähmiýeti
“Tes­la” we “Ge­ne­ral Mo­tors” elekt­rou­lag­la­ryň önüm­çi­li­gin­de öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär. “Ge­ne­ral Mo­tors” 2050-nji ýy­la çen­li äh­li za­wod-fab­rik­le­rin­dä­ki ener­gi­ýa üp­jün­çi­li­gi­ni gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­ler­den al­ma­gy mak­sat edin­ýär. Beý­le­ki kom­pa­ni­ýa­lar hem bu ugur­da ta­gal­la ed­ýär. Ýa­po­ni­ýa­nyň “Toyo­ta” kom­pa­ni­ýa­sy hem 2050-nji ýy­la çen­li äh­li ulag­la­ryn­da­ky ho­wa goý­be­ril­ýän kö­mür­tur­şy ga­zy­ny 90 gö­te­ri­me çen­li azalt­ma­gy mak­sat edin­ýär.
Elekt­rou­lag­la­ryň önüm­çi­li­giniň hä­zir­ki ýa­ly do­wam eden ýagdaýynda, 2030-njy ýyl­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ýurt­la­ryn­da, Hy­taý­da we ABŞ-da olaryň paýynyň 5 gö­te­rim bol­jak­dy­gy aý­dyl­ýar. Şol se­bäp­li kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň ho­wa goý­be­ri­li­şi­ni azalt­mak üçin tä­ze çä­re­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ze­rur bo­lmagynda galýar.