7-nji dekabrda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara serginiň çäklerinde ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy tarapyndan hormatly Prezidentimiziň ukrain dilinde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy guraldy.
Çärä Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, jemgyýetçilik we döredijilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň çuň many-mazmuna ýugrulan bu eseriniň indi ukrain diline neşir edilmegi halkymyzyň taryhyna, däp-dessurlaryna hem-de baý maddy däl mirasyna bolan ählumumy gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.
Tanyşdyryş dabarasynda çykyş edenler milli Liderimiziň bu eseriniň milletiň ruhy gymmatlyklarynyň arabaglanyşygyny saklamaga hem-de mundan beýläk-de wagyz etmäge ýardam etjekdigini biragyzdan bellediler
Şeýlelikde, ukrain okyjylary türkmen halkynyň medeniýeti, filosofiýasy, milli häsiýetleri parasatly ahlak ýörelgeleri baradaky düşünjelerini giňeltmäne ajaýyp mümkinçilik aldylar. Bu bolsa netijeli türkmen-ukrain dostluk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmäge hem-de ösdürmäge ýardam eder.