Öz­baş­dak he­re­ket edip bil­ýän ulag­la­ryň adam­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gyn­da we daş­ky gur­şa­wyň aýaw­ly sak­lan­ma­gyn­da uly peý­da ge­tir­jek­di­gi aý­dyl­ýar. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, adam­la­ryň sü­rü­ji­siz ulag­la­ra nä­de­re­je­de yg­ty­bar et­jek­di­gi we­lin, he­niz nä­bel­li.
“Semcon” at­ly şe­re­ket “The Smi­ling Car” (Ýyl­gyr­ýan ulag) at­ly nus­ga­lyk ma­şyn taý­ýar­la­dy. Ulag adamlar bi­len «ýyl­gyr­mak» ar­ka­ly dü­şü­niş­ýär. Ula­gyň ýyl­gyr­ma­gy bol­sa ýö­ne ýer­den däl. Se­bä­bi bu he­re­ket bü­tin dün­ýä­de hem­mä düş­nük­li. Sü­rü­ji­siz ula­gyň sen­so­ry bir py­ýa­da­nyň bar­dy­gy­ny aňan ma­ha­ly onuň öň ta­ra­pyn­da ýer­leş­di­ri­len ýö­ri­te yşyk­lar ar­ka­ly ýyl­gyr­ýan şe­kil eme­le gel­ýär. Bu şe­kil ula­gyň py­ýa­da ýol ber­jek­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar.
“Semcon”-yň we­ki­li Ka­rin Ek­lund ula­gyň adam­lar bi­len öw­re­ni­şen usu­ly ar­ka­ly ha­bar­laş­ma­gy­nyň, oňa yna­my art­dyr­jak­dy­gy­ny aýd­ýar. Ýol he­re­ke­ti­niň saz­la­şyk­ly bol­ma­gyn­da adam­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şy­gyň äh­mi­ýe­ti uly. Hä­zir­ki wagt­da ge­çi­ri­len bar­lag­la­ra gö­rä, köp ilat­ly uly şä­her­ler­de py­ýa­da­la­ryň 80 gö­te­ri­mi ýo­ly ke­sip geç­mez­den ozal, sü­rü­ji­ler bi­len göz­le­ri ar­ka­ly dü­şü­niş­mek is­le­ýär. Em­ma sü­rü­ji­siz ulag­lar­da sü­rü­ji bol­man­soň, olar ula­ga ynan­man bi­ler­ler. “Semcon” şe­re­ke­ti bu ula­gy “Vik­to­ria Swe­dish ICT” yl­my-bar­lag ins­ti­tu­ty we aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da­ky hyz­mat­daş­la­ry bi­len bi­le­lik­de taý­ýar­la­ýar. En­tek ony dur­mu­şa or­naş­dyr­mak üçin edil­me­li iş az däl.
“Ýyl­gyr­ýan” ulag­lar ösen ka­me­ra we sen­sor­lar bi­len üp­jün edi­ler. Olar py­ýa­da­nyň özü­ne se­re­de­ni­ni gö­zün­den aňyp bi­ler­ler. Şeý­le­lik­de oňa “ýyl­gy­ryp” ýol be­rer­ler.
Şeý­le hem soň­ky wagt­lar­da ýaý­rap baş­lan elekt­ro­kar­la­ryň se­si hem ýok. Bu ýag­daý hem üns­süz py­ýa­da­lar üçin howp dö­re­dip bi­ler. Şol se­bäp­li olar py­ýa­da­la­ra ses bi­len hem duý­du­ryş be­rer­ler. “Semcon” “So­nic Movement” at­ly tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de elekt­rou­lag­la­ryň ses­li bol­ma­gy üçin hem ta­gal­la ed­ýär.