Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, il­ki bi­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry G.Müş­şi­ko­wa söz ber­di. Wi­se-prem­ýer ýur­du­my­zyň dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni üp­jün et­mek we dün­ýä ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry­na go­şu­lyş­mak, pu­dak­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­mek hem-de döw­let-hu­su­sy­ýet­çi­lik hyz­mat­daş­ly­gy­ny ne­ti­je­li gu­ra­mak üçin se­na­gat-in­no­wa­si­on bin­ýa­dy ber­kit­mek mak­sa­dy bi­len gö­rül­ýän anyk çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Şeý­le hem wi­se-prem­ýer şu ýy­lyň 5-nji no­ýab­ryn­da ge­çi­ri­len Hö­kü­me­tiň mej­li­sin­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň be­ren tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bi­len bi­le­lik­de, ýa­kyn bäş ýyl­da döw­le­tiň gat­naş­ma­gyn­da­ky kär­ha­na­la­ry do­lan­dyr­mak we öz­gert­mek bo­ýun­ça stra­te­gi­ýa­nyň hem-de ama­la aşy­ryl­ma­ly çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­la­ry­nyň iş­le­ni­lip taý­ýar­la­ny­lan­dy­gy ba­ra­da ha­bar be­r­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­let em­lä­gi­niň hu­su­sy­laş­dy­ryl­ma­gy­nyň hem-de döw­let­den aý­ryl­ma­gy­nyň dur­muş ugur­ly ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne we ho­ja­ly­gy do­lan­dyr­ma­gyň döw­re­bap gör­nüş­le­ri­ne geç­me­giň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.
Mil­li Li­de­ri­miz, umu­man, bu ugur­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri­ni ma­kul­lap, ýa­kyn bäş ýyl­da döw­le­tiň gat­naş­ma­gyn­da­ky kär­ha­na­la­ry do­lan­dyr­mak we öz­gert­mek bo­ýun­ça stra­te­gi­ýa­nyň hem-de ama­la aşy­ryl­ma­ly çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­la­ry­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek ba­ra­da wi­se-prem­ýe­re de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Me­re­dow ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň dür­li pu­dak­la­ryn­da iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de ne­bit­gaz pu­da­gy­nyň işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ne­bi­tiň we ga­zyň çy­ka­ryl­ýan we gaý­ta­dan iş­le­nil­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak, ug­le­wo­do­rod­la­ryň tä­ze ýa­tak­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­ma­ga gö­nük­di­ri­len geo­lo­gi­ýa göz­leg iş­le­ri­ni gi­ňelt­mek, ne­bit­gaz­ly kän­le­ri se­na­gat möç­be­rin­de öz­leş­dir­me­giň dep­gin­le­ri­ni art­dyr­mak, şeý­le hem yl­my-teh­ni­ki iş­le­re ne­ti­je­li teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän anyk çä­re­ler ba­ra­da ha­bar be­ril­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek, şol san­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na saz­la­şyk­ly ge­çir­mek bo­ýun­ça we­zi­pe­le­riň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýe­re önüm­çi­lik we ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni peý­da­lan­ma­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­ma­gy, ne­bit­gaz top­lu­my­nyň çy­kar­ýan önüm­le­ri­niň gör­nüş­le­ri­ni gi­ňelt­mek bo­ýun­ça iş­le­ri do­wam et­dirme­gi tab­şyr­dy.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek hem-de gel­jek ýy­lyň oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­sy­ly­nyň düý­bü­ni tut­mak bo­ýun­ça ýaz­ky ekiş möw­sü­mi­ne gö­rül­ýän taý­ýar­lyk we mal­dar­çy­ly­gy ös­dür­mek hem-de bu pu­da­gyň önüm­le­ri­niň möç­be­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­le­r ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny, şol san­da da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan, köp gör­nüş­li ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri ön­dür­ýän tä­ze önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­me­giň ha­sa­by­na azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny he­mi­şe gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz şu mak­sat­lar bi­len ho­ja­ly­gy ýö­ret­me­giň tä­ze, ne­ti­je­li usul­la­ry­ny ulan­ma­gyň, şol san­da hu­su­sy ul­ga­myň mal­dar­çy­lyk pu­da­gyn­da pa­ýy­ny yzy­gi­der­li art­dyr­ma­gyň, üs­tün­lik­li iş­le­ýän kä­ren­de­çi­le­ri gol­da­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ş.Dur­dy­ly­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­gam­la­ryn­da iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat be­rip, Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na ibe­ril­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça me­se­le­ler ba­ra­da du­rup geç­di.
Hä­zir­ki wagt­da ow­gan ta­ra­py­na «Ser­he­ta­bat-Hy­rat-Tur­gun­dy» hem-de «Ra­bat­ka­şan-Ka­laý­nau» ugur­la­ry bo­ýun­ça ibe­ril­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň möç­be­ri­ni art­dyr­mak bi­len bag­ly ze­rur iş­ler ge­çi­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, goň­şy döw­let­ler, il­kin­ji no­bat­da, Ow­ga­nys­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň aý­ra­tyn mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di.
Ibe­ril­ýän ener­gi­ýa­nyň möç­be­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy, tä­ze elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam­la­ryň işe gi­ri­zil­me­gi ow­gan hal­ky­nyň dur­mu­şy­ny go­wu­lan­dyr­mak, tä­ze önüm­çi­lik­le­ri aç­mak, ne­ti­je­de, iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek üçin amat­ly şert­le­ri göz öňün­de tut­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Öwe­zow gö­zeg­çi­lik ed­ýän pu­dak­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa top­lu­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň kä­mil­leş­di­ri­li­şi, pu­da­gy mun­dan beý­läk-de san­ly­laş­dyr­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Wi­se-prem­ýer dün­ýä­niň ulag ul­ga­my­na yzy­gi­der­li go­şu­lyş­ma­gyň hem-de «Gün­do­gar-Gün­ba­tar» we «De­mir­ga­zyk-Gü­nor­ta» ugur­lar­da gat­naw­la­ry we hal­ka­la­ry bag­la­nyş­dyr­ýan esa­sy ýol­la­ryň ug­ry bo­ýun­ça dü­züm­le­ri mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da aýt­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, se­bit we trans­kon­ti­nen­tal ýol­la­ry ös­dür­mek bo­ýun­ça baş­lan­gyç­la­ry­my­zyň ulag ul­ga­my­nyň kuw­wat­ly mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň dö­re­dil­me­gi­ni ta­lap ed­ýän­di­gi­ni nyg­tap, pu­dak­la­ýyn dü­züm­le­ri döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň, iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Gy­ly­jow öz no­ba­tyn­da Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­ny tap­gyr­la­ýyn paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri­ne öwür­mek ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Hö­kü­me­tiň mej­li­sin­de ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, hu­su­sy­laş­dyr­ma­ga de­giş­li des­ga­la­ryň sa­na­wy sel­je­ril­di. Bi­rin­ji tap­gyr­da kär­ha­na­la­ryň özü­niň hem-de ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň paý­ly gat­naş­ma­gyn­da 20 des­ga­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak hem-de açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­ne öwür­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­let em­lä­gi­ni hu­su­sy­laş­dyr­ma­gyň yk­dy­sa­dy ne­ti­je­si­niň ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan oňyn öz­gert­me­le­riň has-da iler­le­dil­me­gi­ne ýar­dam et­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ugur­da­ky gaý­ra­go­ýul­ma­syz we­zi­pe­le­riň ta­kyk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp, wi­se-prem­ýe­re bel­le­nen me­ýil­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry et­me­gi tab­şyr­dy.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Mäm­me­do­wa gö­zeg­çi­lik ed­ýän me­de­ni­ýet ul­ga­my­na de­giş­li eda­ra­lar­da hem-de ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de iş­le­riň ýag­da­ýy, ola­ryň işi­ni döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ha­bar ber­li­şi ýa­ly, şu gün­ler Tä­ze ýyl baý­ra­my­na taý­ýar­lyk gör­mek bi­len bag­ly iş­ler ge­çi­ril­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň alyp bar­ýan ösüş­ler we in­no­wa­si­ýa­lar sy­ýa­sa­tyn­da ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň hem-de ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň mö­hüm or­nu­ny bel­läp, ul­gam­la­ryň işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek me­se­le­le­ri­ne ün­si çek­di.
Mil­li Li­de­ri­miz ýe­tip gel­ýän Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­na taý­ýar­lyk gör­mek bi­len bag­ly me­se­le­ler ba­ra­da aý­dyp, wi­se-prem­ýe­re äh­li me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­ri paý­tag­ty­myz­da we ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­mek ba­ra­da anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Gel­di­ny­ýa­zow gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­gam­la­ryn­da iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2021-2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mä­ge be­ril­ýän ün­süň aý­ra­tyn mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, gel­jek­de hem ýaş­la­ra hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­mek, ola­ryň bi­lim al­ma­gy, dö­re­di­ji­lik we yl­my kuw­wa­ty­ny ama­la aşyr­ma­gy, şah­sy­ýe­tiň ke­ma­la gel­me­gi üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek ba­bat­da äh­li çä­re­le­ri gör­mek ze­rur­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gel­jek­de hem ýaş nes­liň be­den we ru­hy-ah­lak taý­dan sag­dyn ös­me­gi­ne, ýaş maş­ga­la­la­ra hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­me­giň döw­le­ti­mi­ziň esa­sy ala­da­sy­na öw­rül­jek­di­gi­ni aý­dyp, de­giş­li ugur­da iş­le­ri iş­jeň­leş­dir­mek ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow yzy­gi­der­li esas­da ge­çi­ril­ýän türk­men-ame­ri­kan sy­ýa­sy ge­ňeş­me­leri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
15-nji de­kabr­da Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ara­syn­da san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly gu­ra­lan ge­ňeş­me­le­riň no­bat­da­ky tap­gy­ry­na ba­dal­ga be­ril­di. Şu du­şu­şy­gyň gün ter­ti­bi­ne ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar­da, şol san­da sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik ul­gam­da öza­ra bäh­bit­li iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky me­se­le­ler gi­ri­zil­di.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, «Mer­ke­zi Azi­ýa + ABŞ» we «Türk­me­nis­tan – Ow­ga­nys­tan – ABŞ» gör­nüş­le­riň çäk­le­rin­de ýo­la goý­lan gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti hem bel­le­nil­di.
Wi­se-prem­ýer, DIM-iň ýol­baş­çy­sy ha­sa­ba­ty­ny do­wam edip, 16-njy de­kabr­da wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly ge­çi­ri­len «Türk­me­nis­tan – ABŞ» işe­wür­ler ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­bar ber­di. Şon­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry hem-de ne­ti­je­li işe­wür gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­gyň gel­je­gi ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry bi­len däp bo­lan dost­luk­ly, oňyn gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni nyg­tap, dür­li ugur­lar­da öza­ra bäh­bit­li iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ýyg­jam­laş­dyr­mak üçin uly müm­kin­çi­li­giň bar­dy­gy­ny bel­le­di.
Söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk, te­le­ke­çi­lik dü­züm­le­ri­niň ara­syn­da gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mek ba­ra­da aý­dy­lan­da, iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­me­giň we di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­giň, onuň tä­ze ne­ti­je­li gör­nüş­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň anyk gu­ra­ly hök­mün­de «Türk­me­nis­tan – ABŞ» işe­wür­ler ge­ňe­şi­ne mö­hüm orun be­ril­ýär.
Bu­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýe­re, DIM-iň ýol­baş­çy­sy­na Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ara­syn­da­ky ge­ňeş­me­le­riň üs­tün­lik­li iş­le­ri­ni do­wam et­mek hem-de öza­ra bäh­bit­le­re ky­bap gel­ýän türk­men-ame­ri­kan hyz­mat­daş­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de dep­gin­li ös­dür­mä­ge bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri oňaý­ly de­re­je­de ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry Ç.Ama­now har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy, ola­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek hem-de iş­gär­ler bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ýa­rag­ly Güýç­le­riň eda­ra­la­ry­nyň iş­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çe­kip, har­by ul­gam­da öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si­ni we hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, jo­gap­kär­li, päk yn­sap­ly, ýo­ka­ry de­re­je­li, işi­ne us­sat hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça anyk çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.
Mej­li­siň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa mil­li Par­la­men­tiň ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk işi, ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň hu­kuk esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak we ös­dür­mek, döwlet Baştutanymyzyň öňe sür­ýän hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da mag­lu­mat ber­di.
Mej­li­siň iş to­par­la­ryn­da pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da bir­nä­çe ka­nun­la­ryň tas­la­ma­la­ry­nyň iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýan­dy­gy hem-de he­re­ket ed­ýän ka­nun­la­ryň kä­mil­leş­di­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Şeý­le hem Mej­li­siň 2021-nji ýyl üçin ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk işi­niň me­ýil­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň ösü­şi­niň hä­zir­ki ýag­daý­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len, mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­ri iş­jeň­leş­dir­me­giň örän wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Milli Liderimiz Mej­li­siň mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny mun­dan beý­läk-de go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len işiniň ka­nun­çy­lyk taý­dan gol­da­nylma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz öň­de dur­ýan iş­le­riň ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri­niň üs­tün­de du­rup geç­di.
Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ula­nyl­ma­ga tab­şy­ryl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýan des­ga­la­ryň gur­lu­şyk­la­ry­nyň hi­li we möh­le­ti ba­bat­da bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ryň ber­jaý edil­me­gi ýa­kyn gel­jek üçin mö­hüm ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, döwlet Baştutanymyz bu şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li me­ýil­leş­di­ri­len äh­li çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.
Mej­lis­de döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.