Her ýyl Şweý­sa­ri­ýa­da gu­ral­ýan Bü­tin­dün­ýä yk­dy­sa­dy fo­ru­my (WEF) in­di­ki ýyl il­kin­ji ge­zek Sin­ga­pur­da ge­çi­ri­ler. Bu ba­ra­da WEF-iň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Ad­ri­an Monk:
– Bü­tin­dün­ýä yk­dy­sa­dy fo­ru­my her ýyl­da gu­ra­ýan ýö­ri­te mas­la­ha­ty­ny 2021-nji ýy­lyň 13-16-njy maý ara­ly­gyn­da Sin­ga­pur­da ge­çi­rer. Mas­la­ha­tyň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ni üýt­get­mek ba­ra­da­ky ka­rar dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly ka­bul edil­di. Du­şu­şy­gy ge­çir­mek üçin Sin­ga­pur iň amat­ly ýer diý­lip ka­ra­ra ge­lin­di – di­ýip, bel­le­di. WEF-iň Sin­ga­pur­da gu­ra­jak mas­la­ha­ty­nyň glo­bal di­ke­ldi­şe ba­gyş­la­nan il­kin­ji sy­ýa­sy çä­re­di­gi­ni bel­län Ad­ri­an Monk, bu fo­ru­myň dün­ýä­niň iň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň çöz­güt­le­ri­ni iş­läp düz­mek­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­jak­dy­gy­ny tassyklady.
– Sin­ga­pur sam­mi­ti di­kel­diş iş­le­ri­ni nä­hi­li ter­tip­de alyp bar­ma­ly­dy­gy­my­zy mas­la­hat­laş­mak üçin mö­hüm esas bo­lup hyz­mat eder. Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar baş­la­ly bä­ri işe­wür­ler, hö­kü­met we ra­ýat jem­gy­ýet­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry il­kin­ji ge­zek ýüz­be-ýüz du­şu­şar­lar – di­ýip, WEF-iň baş­ly­gy we esas­lan­dy­ry­jy­sy Klaus Şwab aýt­dy. Şeý­le hem ol bu mas­la­ha­tyň 2022-nji ýyl­da ýe­ne-de Şweý­sa­ri­ýa­nyň Da­wos şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di.
WEF mun­dan ozal däp bo­lup gel­ýän Da­wos hep­de­li­gi­ni 2021-nji ýy­lyň 25-29-njy ýan­wa­r ara­ly­gyn­da on­laýn ter­tip­de ge­çir­me­gi me­ýil­leş­di­rip­di. Çä­rä­ni gu­raý­jy­lar bu mas­la­hat­da, esa­san, öza­ra yna­my di­kelt­mek, 2021-nji ýyl üçin ze­rur ýö­rel­ge­le­ri, sy­ýa­sat­la­ry we hyz­mat­daş­ly­gy iş­läp düz­mek ýa­ly mö­hüm me­se­le­le­riň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­jak­dy­gy­ny ha­bar be­rip­di.