Soňky ýyllarda kosmos pudagynda iş alyp barýan kompaniýalaryň sany barha artýar. Şeýle bolansoň, bu pudakda iş alyp barýan hususy edaralar hem köpelýär. ABŞ-nyň awiasiýa we tehnologiýa kompaniýasy “Lockheed Martin” raketa hereketlendirijilerini öndürýän “Aerojet Rocketdyne Holdings”-i 4,4 milliard dollara satyn almak üçin ylalaşandygyny mälim etdi. Bu hyzmatdaşlyk “Lockheed Martin”-iň bu ugurda iş alyp barýan hususy kompaniýalar bolan “Space X” hem-de “Blue Origin” bilen bäsdeşlik etmegine mümkinçilik berer.
Golaýda “Lockheed Martin” kompaniýasy “Boeing” bilen “United Launch Allience” (ULA) kompaniýalary tarapyndan öndürilen “Delta 4” atly agyr ýük göteriji raketasyny kosmosa uçurypdy.