ABŞ-nyň Berkli şäherindäki Kaliforniýa uniwersitetiniň himikleri ulanylan polietilenleri gaýtadan işläp ýelim almagy başardylar. ABŞ-nyň sekiz ştatynda bir gezek ulanylýan plastmassalar, torbalar we beýleki polietilen daşlyklar gadagan edilendigine garamazdan, olara henizem, zir-zibil dökülýän ýerlerde, suw howdanlarynda duşmak bolýar.
Polietileniň gaýtadan işlenmegi netijesinde, olardan dürli materiallary öndürmek mümkin. Kaliforniýa uniwersitetinde işlenip düzülen täze himiki usul arkaly polietilen plastmassadan ýokary hilli ýelim öndürmek meýilleşdirilýär. Plastmassalaryň köpüsi gaýtadan işlenilende maýdalanyp, esasy aýratynlyklaryny, şol sanda, gaýtadan işlemegiň aňsatlygyny we çeýeligini ýitirýär.
Täze usullar arkaly plastmassanyň himiki düzümini pytradyp, ondan ýangyç ýa-da çalgy önümlerini öndürip boljakdygyna garamazdan, bu önümleriň gymmaty pes we daşky gurşawa howply bolup biler. Hünärmenler topary tarapyndan işlenip düzülen himiki usul polietileniň özboluşly aýratynlyklarynyň köpüsini saklaýar, ýöne oňa himiki maddalary goşup, ony hatda metala ýapyşar ýaly edýärler.
Bu amallar senagat taýdan ulanmak üçin heniz amatly bolmasa-da, barlaglaryň beýleki peýdaly taraplaryny üpjün etmek üçin kämilleşdirilip we üýtgedilip bilinjekdigine ynanýarlar.