22-nji dekabrda paýtagtymyzda, Söwda-senagat edarasynyň binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň arap dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Çärä gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplar, daşary ýurtlaryň we türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Sanly aragatnaşyk arkaly tanyşdyryş çäresine Birleşen Arap Emirliklerinden alymlar we hünärmenler hem goşuldylar.
Tanyşdyrylyş çäresinde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň edebi-filosofik eseriniň milletiň ruhy gymmatlyklarynyň dowamatlylygyny üpjün etmäge hem-de mundan beýläk-de wagyz etmäge ýardam etjekdigini biragyzdan bellediler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, islendik halkyň medeniýetinde öz beýanyny tapýan möhüm ähmiýetli umumadamzat ýörelgeleri türkmenleriň däp-dessurlarynda aýdyň beýanyny tapdy. Halkymyza asyllylyk, edep-ekramlylyk, myhmansöýerlik, dostanalyk, bitewülik we agzybirlik ýaly ýörelgeler mahsusdyr.
Ynsanyň gurşap alan dünýä, tebigat bilen özara gatnaşyklary rowaýatlardan hem-de tymsallardan alnan öwüt-ündew mysallary arkaly düşündirilýär. Olar nesilleriň durmuş pähim-paýhasyny hem-de köpasyrlyk tejribesini özüne birleşdirýär.
Bu kitabyň eýýam hytaý, ýapon, rus, azerbaýjan, gruzin, ukrain we türk dillerinde terjime edilendigini bellemek gerek. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çuň many-mazmunly eseriniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň arap dilinde hem neşir edilmegi halkymyzyň taryhyna, däp-dessurlaryna hem-de baý mirasyna ählumumy gyzyklanmanyň barha artýandygynyň subutnamasydyr.
Şeýlelikde, daşary ýurtly okyjylar türkmen halkynyň medeniýeti, onuň filosifiýasy, özboluşlylygy, parasatly ahlak pähim-paýhaslary barada gözýetimini has-da giňeltmäge ýene-de bir ajaýyp mümkinçiligi aldylar. Munuň özi, gürrüňsiz, Türkmenistanyň arap dünýäsiniň ýurtlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam eder.