Adamyň ýeriň hemrasyna aýak basanyna ýarym asyrdan gowrak wagt geçdi. 70 ýyl töweregi wagt bäri adamzat kosmos bilen has ýakyndan gyzyklanýar. Häzire çenli kosmos pudagynda uly öňegidişlikler gazanyldy. Geljek ýyl bolsa Aýda ilkinji awtoulag ýaryşynyň geçirilmegine garaşylýar. “Moon Mark” atly taslamanyň çäklerinde ýokary mekdebiň okuwçylary tarapyndan taýýarlanan  agramy 5 kilogramdan az bolan ulaglaryň ýaryşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Ýaryş gatnaşmak üçin işlenip taýýarlanan ulaglar WiFi moduly, ykjam batareýa, Gün paneli, ultratiz ýygylykda işleýän aragatnaşyk enjamy bilen üpjün ediler. Elbetde bu ulaglaryň gündizine aşa yssy, gijesine aşa sowuk howasyna hem çydamly bolmagy göz öňünde tutulypdyr. Ilkibaşda ýaryş Ýerde geçiriler we sekiz hepde dowam eder. Finala çykmaga hukuk gazanan toparlaryň agzalary “Mini”, “Ferrari”, “Maserati” we “McLaren” ýaly belli brendlerde işlän Frenk Stefenson we kosmos tehnologiýalaryny öndürýän “Lunar Outpost” kompaniýasynyň hünärmenleri bilen bilelikde Hýustonda täze ulaglaryny işläp taýýarlar.

Ulaglar Aýa nädip äkidiler? “Moon Mark” kompaniýasy bu meseläni çözmek üçin “Intuitive Machines” atly kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk edipdir. Munuň üçin “Spacex”-iň “Falcon 9” raketalaryndan peýdalanylar. Ulaglary ýüklemek we düşürmek üçin “Nova-C Lunar Lander” atly kosmos gämisinden ulanylar. Ulaglar Aýa baryp ýetenden soňra ol ýeriň ýol we howa şertlerinde ýaryş guralar. Ulaglar Ýerden dolandyrylar.

Aýda ilkinji ulag 

Ýeri gelende aýtsak, ABŞ 1970-nji ýyllaryň başlarynda “Apollo 15”, “Apollo 16” hem-de “Apollo 17” maksatnamalarynyň çäklerinde Aýa jemi üç sany ulag iberdi. Elektrik energiýasy bilen işleýän bu ulaglaryň agramy 200 kilogramdan gowrak bolup, diňe bir gezek ulanyldy we gaýtadan zarýad berilmegi göz öňünde tutulmady. Üsti açyk ulaglar astronawtlar tarapyndan Aýyň kyn ýol şertlerinde sürüldi.

Şeýle hem Ilon Mask birküç ýyllykda “Tesla” elektrokaryny kosmosa uçurypdy.