Koreýanyň LG kompaniýasy awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlaryny öndürmegi maksat edinýär. Kompaniýa Kanadanyň bu ugurda iş alyp barýan “Magna International” şereketi bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin şertnama baglaşdy. Koreý kompaniýasy elektron motor, inwentor, zarýad beriji enjamlar hem-de elektron sürüş ulgamlary ýaly awtoulagyň innowatiw böleklerini öndürmegi maksat edinýändiklerini beýan etdi. Bilelikde döredilen täze şereket “LG Magna e-Powertrain” diýlip atlandyryldy. Bu şereket ABŞ-da, Koreýada we Hytaýda müňden gowrak adamy iş bilen üpjün eder. Bilelikdäki şereketiň bahasynyň 1 milliard dollardygy, LG-niň 51 göterim, “Magna International”-iň 49 göterim paýa eýedigi mälim edildi.