Ýaponiýa 2030-njy ýyla çenli kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak üçin wodorodyň energiýa pudagyndaky paýyny ep-esli artdyryp, ýylda 10 million tonna ýetirmegi maksat edinýär. Bu göwrüm 30 ýadro reaktorynyň kuwwatyna deň bolan elektrik energiýasyna barabardyr. Üç ýyl ozal häkimiýetler bu döwür üçin has ýönekeý maksat goýup, ýylda 300 müň tonna wodorod ulanmagy maksat edinipdiler. Ýaponiýa wodorody Gün we ýel energiýasyndan hem has ygtybarly energiýa çeşmesi hökmünde baha berýär.
Ýaponiýanyň hökümeti meýilnamany durmuşa geçirmek üçin 2 trillion ýen (19,2 milliard dollar) bölüp bermegi we käbir salgyt ýeňilliklerini girizmegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem şäher awtobuslarynda hem şeýle görnüşli ýangyç ulanyp, ulaglaryň önümçiligini ilerletmegi maksat edinýär. Deňiz gatnawynda hem şeýle tehnologiýalary ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suga ýurduň uglerod dioksidiniň zyňyndylaryny 2050-nji ýyla çenli, şol sanda “ýaşyl” energiýany ösdürmek arkaly nola çenli azaltmagy maksat edinýär. Wodorod daşky gurşawy goramakda aýratyn ähmiýete eýe bolup, ol benziniň, dizel ýangyjynyň we kömrüň ornuny tutýar.