Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaý halkara çäreleriň köpüsiniň yza süýşürilmegine, ýatyrylmagyna ýa-da onlaýn usulda geçirilmegine sebäp boldy. Şeýle bolansoň halkara çäreleriň köpüsi wideoduşuşyk ýa-da ösen aragatnaşykdan peýdalanyp onlaýn ulgamyň dürli hyzmatlaryndan peýdalanmak arkaly geçirilip başlandy. Häzirki wagtda bu tehnologiýa has hem ösdürilip, dürli ugurlarda peýdalanylyp başlandy. Uzak Gündogar sebitinde geçirilýän iri çäreleriň biri bolan Halkara awtoulag sergisiniň indiki ýyldakysynyň hem onlaýn görnüşde geçiriljekdigi mälim edildi. 2021-nji ýylyň 15-nji dekabrda öz işine başlajak çäräniň ähli bölümleri myhmanlara we beýleki gyzyklanma bildirýänlere onlaýn usulda ýetiriler. Tamamlanyp barýan ýylda Pariž, Frankfurt we Ženewa ýaly şäherlerde geçirilmeli awtoulag sergileri hem onlaýn ýagdaýda geçirilipdi.