Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer ýurtda 2021-nji ýylyň ahyrynda Parlament (Bundestag) saýlawlarynyň geçiriljekdigini mälim etdi. Bundestagyň 20-nji çagyryşyna saýlawlar 2021-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda geçiriler.
Germaniýada geçiriljek saýlawlaryň netijeleri, diňe bir Bundestagyň düzümini däl, eýsem, Kansleriň ýolbaşçylygyndaky Ministrler Kabinetiniň düzümini hem kesgitlär. Ýurduň raýatlary partiýalara ses berýärler, olaryň her biri hökümet baştutany wezipesine öz dalaşgärini hödürleýär. Netijede, Ministrler Kabineti absalýut köplüge eýe bolan partiýa ýa-da birnäçe syýasy güýçden ybarat bileleşik (koalisiýa) tarapyndan düzülýär.
Häzirki wagtda Germaniýany Hristian-demokratik bileleşigi, Hristian-sosial bileleşigi we Germaniýanyň sosial-demokratik partiýasy dolandyrýar. Iýul aýynyň başynda habar beriş serişdeleri Angela Merkeli “Ýewropa Bileleşiginiň hereketlendiriji güýji” diýip atlandyrypdy. Çünki dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň netijesinde dörän ykdysady çökgünliklere garşy göreşmekde 750 milliard ýewrolyk gaznany döretmek baradaky Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň ylalaşygynyň gazanylmagynda Kansler ýardam berdi.