Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Şotlandiýanyň hem-de Owganystanyň telekeçileri degişlilikde Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny awtomobil benzinini satyn aldylar. Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Gonkongyň we Owganystanyň işewürleri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýanyň, Hytaýyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň wekilleri reňksiz aýnalary, nah ýüplükleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 16 million 113 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Şotlandiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hindistanyň, Gonkongyň, Türkiýäniň, Pakistanyň we Ermenistanyň işewürleri umumy bahasy 37 million manada barabar bolan dürli görnüşdäki nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 225 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.