Türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän dürli gök önümler ynsan saglygyna peýdasy çäksizdir. Gök önümler adam bedenini gerekli witaminler bilen üpjün edýän gymmatly azyk hasaplanýar.Olaryň düzüminiň 75-95 göterimini suw tutýar. Şeýle-de bolsa olar dogry saklanylanda özlerindäki ýaramly maddalaryň köp bölegini ýitirmän saklaýar. Ýöne 5-7 göterim çyglylygy gidende gök önümler ýumşaýar, myssarýar, witaminlerdir mineral maddalaryň belli bir bölegi zaýalanýar. Ondan başga-da, şeýle ýagdaýda toprakdaky, howadaky mikroblaryň önümlere düşmegi, köpelmegi mümkin.

Gök önümler bir-iki günläp, hatda hepdeläp terligine saklanmakçy bolunsa, onda olary bazardan alnyp getirilişi ýaly taşlaman, arassalap, gaba salyp gaýmaly. Uzak saklanjak kelemi, burçy, badamjany, hyýary, sarymsagy ýuwup goýmak maslahat berilmeýär. Gumyny kakyşdyryp, daşyna gury mata orap, salkyn ýerde goýmaly. Kelem öz-özünden dem alýar, çyglylygyny bugardýar. Şonuň üçin hem uzak saklanjak bolsa onuň daşky ýapraklaryny aýyrman goýmaly. Soň ulanyljak mahaly myssaran daşky ýapraklary aýrylýar.

Gök-ala pomidory, badamjany sowadyja salmasaň hem gowy durýar. Pomidor 11-13 gradus salkyn howada 4-5 gün gowy dursa, bolgar burçy 8-10 gradusda zaýalaman saklamak bolýar.

Ýeralma 3-4 gradus ýylylyk bolan ýerde ýerzeminde gowy durýar. Ony Gün düşýän ýerde goýmak zyýanly. Çünki Gün şöhlesi onuň düzüminde adam organizmi üçin zyýanly glikozitleriň ýygnanmagyna alyp barýar. Bu aşgazanyň hem garyn- içegäniň işleýşine, iýmit siňdirşine ýaramaz täsir edýär.

Tomus günleri käşiri, şugundyry, türpi polietilen halta salyp, sowadyjyda bir aýa çenli saklamak bolýar. Hyýary syrçaly gaba ýa-da polietilen halta salyp sowadyjyda 3-4 gün saklamak bolýar. Gök sogany, otlary arassalap, ýuwman ilki kagyza dolap, soň polietilen haltalarda goýsaň, agzy ýapyk dürli çüýşe gaplarda saklasaň hem bolýar.

Çynar Berdikulyýewa,

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap komitetiniň hünärmeni.