“Samsung” kompaniýasy 2020-nji ýylyň başyndan üçünji çärýeginiň ahyryna çenli jemi 189 million smartfon satandygyny mälim edipdi. Bu görkeziji ozalky ýyllardakydan azdygyna garamazdan, kompaniýa garaşylanda köp telefon satdy. Sebäbi, şu ýyl dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaý koreý brendiniň satuwyna oňaýsyz täsir etdi. Entek ýyl tamamlanmandygy sebäpli ýylyň dowamynda dünýäde näçe “Samsung” smartfonynyň satyljakdygy belle däl. Emma maglumatlar koreý kompaniýasynyň 300 milliondan az telefon satjakdygyny görkezýär. Şeýlelikde, kompaniýa birnäçe ýyldan bäri 300 milliondan az telefon satar. Bilermenler geljek ýyl smartfonlara bolan islegiň ýokary boljakdygyny belleýärler. Kompaniýa 2021-nji ýylda 307 million telefon ýerläp, ýene öňki önümçilik güýjüne gaýdyp gelmegi maksat edinýär. Bu telefonlaryň 287 millionynyň smartfon, beýlekileriniň düwmeli telefonlar boljakdygy aýdylýar. Şeýle hem 50 million smartfon premium derejeli bolar.