2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakynda
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli ýyl boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň geçirilmegini we iki palataly kanun çykaryjy edaranyň döredilmegini 2020-nji ýylyň möhüm syýasy wakasy hökmünde görkezmek bolar. Munuň özi agzybir halkymyzyň öz milli Lideriniň töweregine has-da mäkäm jebisleşýändiginiň hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiniň döwletlilik binýadynyň has-da pugtalanýandygynyň subutnamasydyr. Däp boýunça ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär. Taryhy taýdan gysga möhletiň içinde Garaşsyz ýurdumyz özüniň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, Ýer ýüzüniň köp döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyň gymmatly tejribesini toplady. Türkmenistanyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» Kararnamasynyň kabul edilmegi biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň giň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrmak hakynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjyny goldap hem-de ýurdumyzyň döwlet edaralaryndan, guramalaryndan, kärhanalaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we raýatlarymyzdan gelip gowşan köp sanly teklipleri nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär: 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmeli.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G. MÄMMEDOWA.
Aşgabat şäheri. 2020-nji ýylyň 30-njy dekabry