Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty häzirki döwrüň möhüm halkara meseleleriniň çözgütlerini gözlemäge gönükdirilen başlangyçlarda öz beýanyny tapýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň öňe süren täze teklipleri hem parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge hem-de döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekiliniň çykyşynda häzirki dünýäde gapma-garşylyklaryň ýüze çykmak töwekgelçiliginiň, özara ynamyň peselmeginiň, ykdysady durnuksyzlygyň, ekologiýa howplarynyň hem-de täze tehnologiýalaryň çalt ösmeginiň halkara jemgyýetçiliginiň öňünde täze wezipeleri goýýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça hökümetara geňeşmeleri geçirmek başlangyjyny öňe sürdi. Şeýle hem Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygyny yglan etmek teklip edildi. Bu başlangyçlaryň esasy maksady döwletleriň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmakdan, jedelleri parahatçylykly ýol bilen çözmegiň netijeli gurallaryny ösdürmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bu ugurdaky başlangyçlaryň möhüm binýady bolup durýar. Ýurdumyz öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga, gepleşikler arkaly özara düşünişmegi berkitmäge hem-de BMG-niň halkara parahatçylygyny üpjün etmekdäki merkezi ornuny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.
Çykyşda sanly tehnologiýanyň mümkinçilikleri we onuň bilen bagly täze wezipeler hem aýratyn orun eýeledi. Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda halkara gatnaşyklarynda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmagyň Halkara kodeksini işläp taýýarlamagy teklip etdi. Şeýle hem Aşgabatda sanly ynanyşmak we emeli aň tehnologiýalaryny jogapkärçilikli ulanmak boýunça Halkara sanly dialogy geçirmek başlangyjy öňe sürüldi.
Ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. 2026 – 2035-nji ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygynyň çäklerinde durnukly ulag arabaglanyşyklarynyň Ählumumy atlasyny döretmek boýunça işler dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, Günorta we Merkezi Aziýany Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa birleşdirjek sebitara ulag geçelgesini kemala getirmek teklibi beýan edildi. Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi döretmek hem öňe sürlen başlangyçlaryň hataryndadyr.
Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň çözgüdine goşant goşmak maksady bilen Aşgabat howa dialogyny döretmek teklip edildi. Bu meýdançanyň gurakçylykdan we suw serişdeleriniň ýetmezçiliginden ejir çekýän sebitlerde anyk taslamalary durmuşa geçirmäge, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýardam bermegi göz öňünde tutulýar. Energetika ulgamynda bolsa hemmeler üçin durnukly energiýa boýunça ýokary derejeli forumy taýýarlamak bilen bagly geňeşmeleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Ynsanperwer hyzmatdaşlyk, ýaşlaryň we zenanlaryň parahatçylygy berkitmekdäki ornuny ýokarlandyrmak, halkara hukugynyň ähmiýetini pugtalandyrmak hem Türkmenistanyň BMG-niň münberinden öňe sürýän başlangyçlarynda möhüm orun eýeleýär. Hususan-da, 2027-nji ýylda Aşgabatda halkara hukugynyň, ýaragsyzlanmagyň, Bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň özara baglanyşygyna bagyşlanan halkara forumy geçirmek teklip edildi.
Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda öňe süren bu başlangyçlary parahatçylyk, ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk we durnukly ösüş ýörelgelerini özünde jemleýär. Olaryň mazmunynda häzirki döwrüň möhüm meselelerine – halkara howpsuzlygyna, emeli aňyň jogapkärçilikli ulanylmagyna, ulag arabaglanyşygyna, energetika we ekologiýa, şeýle hem ynsanperwer hyzmatdaşlyga toplumlaýyn çemeleşmek esasy orun eýeleýär. Şeýle başlangyçlar Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda dialogyň we özara ynanyşmagyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, döwletleriň tagallalaryny umumy maksatlaryň – parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine birleşdirmek ugrunda alyp barýan işleriniň dowamydyr.
Zülfiýa ANNAMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.
PDF








