Ýer ýüzünde şatlyk-şagalaň bilen bellenilýän seneleriň biri hem Täze ýyl baýramçylygydyr. Bu ajaýyp baýram eziz Diýarymyzda hem ýagşy arzuwlar bilen garşylanýar. Dünýä halklary bilen bir hatarda biziň mähriban ildeşlerimiz hem Täze ýyl saçagyny giňden ýazyp, üstüni naz-nygmata besläp, bu baýramçylygy iň oňat arzuw-dilegler bilen garşylamagy adata öwürdi. Täze, 2021-nji ýyla bagyşlanan dabaralaryň ýurdumyzyň ähli ýerinde giňden ýaýbaňlandyrylmagy munuň şeýlediginiň alamatydyr.
Her bir baýramçylygyň özüne mahsus aýratynlygy bar. Täze ýyl baýramçylygynda hem ähli ýerlerde çagalaryň gülki sesleri belentden ýaňlanyp, ýurdumyzda şatlyk-şagalaň dabaralanýar. Arçanyň daşynda türkmen halk ertekileriniň söýgüli gahrymanlarynyň gatnaşmagynda joşgunly tanslar ýaýbaňlandyrylýar. Aýazbabadyr Garpamyk körpelere sowgat eçilýär. Şeýle pursatlarda çagalaryň şatlygy her bir ynsany begendirýär.
Diýarymyz beýik ösüşler bilen dabaralanyp, jemgyýetimiz sazlaşykly ösýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir ýyl öz berekedi bilen gelýär. Goý, 2021-nji ýyl hem özüniň berekedi, rysgaly bilen gelsin! Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň kuwwaty artsyn!
2021-nji ýyl şowhunly garşy alyndy
«Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança, däbe görä, Täze ýyl dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Bu ýerde ýurdumyzyň Baş arçasy oturdylyp, onuň depesinde «2021» ýazgysy şöhle saçyp dur. Onuň owadan görnüşi daş-töwerege ýalkym saçyp, ertekiler şäherçesine öwrülen meýdança çagalaryň hyýallaryndaky şadyýan syýahatlary ýatladýar.
Meýdançada gurnalan sahnada meşhur estrada aýdymçylarynyň, ussatlaryň hem-de parlak ýyldyzlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly şüweleň guralýar. Olar täze ýyla bagyşlanan döredijilik çykyşlary bilen tomaşaçylary begendirdiler.
Joşgunly aýdym-sazly çykyşlar hem-de tanslar ýerine ýetirildi. Soňra türkmen paýtagtyndaky Täze ýyl dabarasyna ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezleri teleköpri arkaly goşulyşýar. Göni ýaýlym ýurdumyzyň dürli sebitleriniň we Aşgabadyň ýaşaýjylaryny birleşdirdi. Olar hemmeleriň söýgüli baýramynyň şatlygyny birek-birek bilen paýlaşdylar.
Döwlet Baştutanymyzy hem-de paýtagtymyzy sebitleriniň her biriniň adyndan onuň ýolbaşçysy, hormatly ýaşuly we ýaş nesliň wekili hem-de artistler gutladylar. Bu gije olaryň dolandyryş merkezlerindäki meýdançalarda hem welaýatlaryň ýaş aýdymçylarynyň we döredijilik toparlarynyň ajaýyp täze ýyl çykyşlary ýaýbaňlandy.
Esasy pursat gelip ýetýär – telemonitorlaryň ekranlaryndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl gutlagy bilen ýüzlenýär. Milli Liderimiziň çykyşyny meýdança ýygnananlar hem-de öz telewizorlarynda watandaşlarymyzyň millionlarçasy uly üns bilen diňleýärler. Şu dabaraly we tolgundyryjy pursatlarda ähli türkmenistanlylary öz Garaşsyz Watanyna, onuň häzirki we geljekki ykbalyna ägirt uly buýsanç birleşdirýär.
Soňra baýramçylyk feýerwerkiniň ajaýyp öwüşginleri asmany bezeýär. Täze ýyl durmuşymyza baýramçylyk nurunyň şüweleňiniň astynda gadam goýýar. Paýtagtymyzyň asmanynda ajaýyp görnüşler peýda bolýar. Türkmenistanlylar tutuş dünýä iň gowy geljegi sowgat edip, gadam urýan Täze ýyly hoşniýetler we ajaýyp umytlar bilen garşyladylar.
2020-nji ýyl berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hökmünde Türkmenistanyň taryhynda galdy, 2021-nji ýyl bolsa «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçer. Goý, Täze – 2021-nji ýyl milli Liderimiziň Täze ýyl gutlagynda belleýşi ýaly, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, uly üstünlikleriň, rysgal-berekediň ýylyna öwrülsin!