Birnäçe ýyldan bäri awtoulag önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň hatarynda durýan «Toyota» geçen ýyly gowy jemledi. Geçen ýylyň başynda ýapon brendiniň önümçiligi birneme pese gaçan hem bolsa, soňky aýlarda has köp ulag öndürdi. «Toyota»-nyň geçen ýylyň noýabrynda öndüren awtoulaglarynyň sany öňki ýylyň degişli döwründäkiden 7 göterim ýokary boldy. Noýabr aýynda 828 066 «Toyota» öndürildi. Munda Hytaýdan gelýän sargytlaryň sanynyň artmagynyň täsiriniň köp bolandygy mälim edildi. Soňky üç aýda bu ýurtda «Toyota» ulaglaryna bolan isleg 48,5 göterim artypdyr. Ýapon kompaniýasy «Daihatsu» we beýleki brendleri hem hasap edilende, geçen ýylyň 11 aýynda 8 million 540 müň 749 ulag satypdyr. «Toyota» öňki ýyllarda 10 milliondan köp ulag öndürýän az sanly kompaniýalaryň hataryndady. Ýylyň ahyrynda önümçiligini artdyrmagy we täze ýyla şowly başlamagy ýapon brendiniň öňki önümçilik derejesine çykmagyna şert döreder. Kompaniýanyň «RAV4», «Harrier» we «Yaris» modelleriniň has köp satylýandygy habar berildi.
Aýsolmaz AKMUHAMMEDOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.