Kä­bir agaç­la­ryň sü­tün­le­rin­den bö­lü­nip çyk­ýan şep­bik­ler ga­tap, uzak ýyl­lap za­ýa­lan­man sak­lan­ýar. Bu şep­bik için­de ga­lan mör-mö­jek­le­riň ýa-da ösüm­lik­le­riň hem za­ýa­lan­man sak­lan­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Go­laý­da alym­lar Mýan­ma­da ga­tap ga­lan şep­bi­giň için­den 100 mil­li­on ýyl­lyk gül ta­pdylar. Bo­ta­nik­ler bu ösüm­li­giň hä­zir­ki wagt­da ýi­tip ýok bo­lan­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar. Bu açyş ABŞ-nyň Ore­gon şta­tyn­da­ky ady­bir uni­wer­si­te­tiň hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan ge­çi­ril­ýän bar­la­gyň ne­ti­je­sin­de ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Alym­lar to­pa­ry bu ösüm­li­ge «Valviloculus ple­ris­ta­mi­nis» di­ýip at ber­di­ler. Lawr maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan ösüm­li­giň Awst­ra­li­ýa­da ös­ýän ir-iý­miş aga­jy bi­len bir maş­ga­la de­giş­li­di­gi mä­lim edil­di. Hä­zir­ki wagt­da gü­lüň ta­py­lan ýe­ri bi­len onuň «ga­ryn­da­şy» ha­sap­lan­ýan Awst­ra­li­ýa­daky ösüm­li­giň ara­synyň daşlygy 6 müň ki­lo­met­re ba­ra­bar. Alym­lar Mýan­ma bi­len Awst­ra­li­ýa­nyň bi­ti­şik bo­lan­dy­gy­ny we şol dö­wür­de Gond­wa­na at­ly ma­te­ri­giň bir bö­le­gi­ bolandygyny çak­la­ýar­lar. Ga­dy­my ösüm­lik­le­ri öw­ren­mek bi­len meş­gul­lan­ýan pa­le­on­to­log Jorj Poý­nar tä­ze ta­py­lan ösüm­lik ba­ra­da: «Gül örän ki­çi. Ulu­ly­gy iki mil­li­met­re ba­ra­bar­dy­gy­na ga­ra­maz­dan sak­la­nyp ga­lan bö­le­gi haý­ran gal­dy­ry­jy» di­ýip bel­le­di. Poý­nar bu açy­şyň bi­lim dün­ýä­si üçin örän äh­mi­ýet­li­di­gi­ni bel­le­di.

Enejan Aşyrklyçowa,
Köneürgenç etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň mugallymy.