28-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň hemişelik wekilleriniň topary 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan soňky döwür üçin Beýik Britaniýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky Söwda we hyzmatdaşlyk şertnamasyny biragyzdan tassykladylar. Bu barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ýewropa Bileleşigindäki hemişelik missiýasynyň metbugat sekretary Sebastian Fişer mälim etdi.
Ikitaraplaýyn söwda şertnamasy Beýik Britaniýanyň Ýewropanyň içerki bazary bilen arasyny üzmegine birnäçe gün galanda gazanyldy. Bu şertnama, esasan, erkin söwdany üpjün edýär we gümrük paçlaryny aradan aýyrýar. Mundan başga-da, onda Brýussel bilen Londonyň arasynda adalat ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem iki tarapyň raýatlary üçin durmuş üpjünçiliginiň düzgünleri beýan edilýär.
Bu şertnama Ýewropa Bileleşigine agza 27 döwlet hem-de Beýik Britaniýanyň Parlamenti tarapyndan tassyklanmaly. Taraplar bu resminamany 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizmegi ylalaşdylar.