Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer 2021-nji ýylyň ahyrynda ýurtda Parlament (Bundestag) saýlawlarynyň geçiriljekdigini mälim etdi. Parlamentiň 20-nji çagyryşyna saýlawlar 2021-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda geçiriler. Mundan ozal hem Germaniýanyň hökümeti şol döwürde saýlaw geçirmegi teklip edipdi. Ýurtda geçiriljek saýlawlaryň netijeleri, diňe bir Parlamentiň düzümini däl, eýsem, Kansleriň ýolbaşçylygyndaky Ministrler Kabinetiniň düzümini hem kesgitlär. Ýurduň raýatlary partiýalara ses berýärler, olaryň her biri hökümet Baştutany wezipesine öz dalaşgärini hödürleýär. Netijede, Ministrler Kabineti absalýut köplüge eýe bolan partiýadan ýa-da birnäçe syýasy güýçlerden ybarat bileleşik tarapyndan düzülýär.
Häzirki wagtda Germaniýany Hristian-demokratik bileleşigi, Hristian-sosial bileleşigi we Germaniýanyň sosial-demokratik partiýasy dolandyrýar. Iýul aýynyň başynda habar beriş serişdeleri Angela Merkeli «Ýewropa Bileleşiginiň hereketlendiriji güýji» diýip atlandyrypdy. Çünki dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň netijesinde dörän ykdysady çökgünliklere garşy göreşmekde 750 milliard ýewrolyk gaznany döretmek baradaky Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň ylalaşygynyň gazanylmagynda Angela Merkel ýardam berdi.