Angliýanyň Liga Kubogynda ilkinji finalçy belli boldy. “Tottenham” topary öz meýdançasynda 2-nji liganyň wekili “Brentforddan” 2-0 üstün çykdy. Londonlylary finala çykaran gollary 12-nji minutda Musa Sissoko bilen 70-nji minutda Hyn Min Son derwezä girizdi. Şeýlelikde, “Tottenham” topary 9-njy gezek Liga Kubogynyň finalynda oýnamaga hukuk gazandy. Soňky gezek 2008-nji ýylda, umumylykda-da 4 sapar kubogy eýelän “Tottenham” topary 4 gezek hem finalda utuldy. “Tottenhamyň” finaldaky garşydaşy şu gije oýnaljak Mançester derbisinden (“Mançester Ýunaýted”–“Mançester Siti”) soň belli bolar. Ýeri gelende aýtsak, Brentford topary taryhynda ilkinji gezek ýarym final duşuşygyny geçirdi.
PDF









