Hytaý senagat pudagyndan bölünip çykýan zyýanly gazlaryň mukdaryny azaltmak hem-de esasy pudaklarda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen hereket meýilnamalaryny işläp düzmegi meýilleşdirýär. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Senagat we maglumat tehnologiýasy ministri Sýao Ýasin mälim etdi. Ministr agyr we himiýa senagaty pudaklarynyň täze önümçilik kuwwatyna gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem polat önümçiligini azaltmak maksady bilen zerur tagallalaryň ediljekdigini aýtdy.
Hytaý 2112 sany «ýaşyl» zawodyň hem-de 171 sany «ýaşyl» senagat parkynyň gurluşygy üçin «ýaşyl» önümçilik ulgamlaryny ornaşdyrýar. Bu ýagdaý senagat kärhanalarynda ekologik taýdan arassa energiýa eýe bolan ulgamlary ornaşdyrmaga we gaýtadan dikeldilýän energiýany ileri tutmaga höweslendirer diýip çak edilýär.
Hytaý ozal kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 2030-njy ýyla çenli aradan aýyrmaga tagalla edip, 2060-njy ýyla çenli 0 derejä ýetirjekdigini mälim edipdi. – Awtoulag pudagynda bu maksatlara ýetmek, elektroulaglaryň artmagyna ýardam bermek hem-de täze energiýa çeşmelerini ulanýan ulaglaryň batareýalarynyň aradan aýrylmagyny çaltlaşdyrmak üçin dürli meýilnamalary düzmäge tagalla ediler – diýip, Sýao Ýasin belledi.