Şu ýy­lyň 1-nji ýan­wa­rynda Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­syn­da Si­bi­riň Kuz­nesk kä­nin­den bar­ýan kö­mür bi­len iş­le­ýän 11 sa­ny elekt­rik be­ke­diň ýa­py­lan­dy­gy ha­bar be­ril­di. 4,8 GW elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­ýän kö­mür be­ket­le­ri­niň ýa­pyl­ma­gy­nyň esa­sy se­bä­bi ola­ryň daş­ky gur­şa­wa ýe­tir­ýän zy­ýa­ny bi­len dü­şün­di­ril­ýär.

Bi­ler­me­n­ler bu ka­ra­ryň dün­ýä­niň iň iri kö­mür ýa­tak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Kuz­nesk daş kö­mür kä­ni­niň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne ýa­ra­maz tä­sir et­jek­di­gi­ni be­lle­ýär­ler. Çün­ki Gün­ba­tar Si­bi­riň iri daş kö­mür kän­le­ri Ger­ma­ni­ýa­nyň ýa­py­lan ýy­ly­lyk elekt­rik be­ket­le­ri­ni do­lu­ly­gy­na di­ýen ýa­ly üp­jün ed­ýär­di. In­di Rus­si­ýa­nyň gün­ba­tar se­bi­tin­den Ger­ma­ni­ýa kö­mür da­şa­ýan de­mir ýol pu­da­gy­nyň hem zy­ýan çek­jek­di­gi mä­lim edil­ýär. Şu ýy­lyň iýul aýyn­da Ger­ma­ni­ýa­da ka­bul edi­len bu ka­nun kö­mür bi­len iş­le­ýän elekt­rik be­ket­le­ri­niň ýa­pyl­ma­gy­nyň soň­ky möh­le­ti­ni kes­git­läp­di.
Ger­ma­ni­ýa özün­dä­ki kö­mür kän­le­ri­ni ýa­pyp, di­ňe tä­ze­len­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ne bil bag­la­ýar. Hut şo­nuň ala­ma­ty hök­mün­de hem şah­ta­çy­lar 2018-nji ýyl­da iň soň­ky go­pa­ry­lan kö­mür bö­le­gi­ni GFR-iň Pre­zi­den­ti Frank-Wal­ter Ştaýn­ma­ýe­re gow­şu­ryp­dy­lar. Ger­ma­ni­ýa­da kö­mür ga­zyp al­mak bes edi­len­den soň­ra, köm­ri di­ňe im­port ed­ýär­di. Şol ýyl Rus­si­ýa­dan sa­tyn alyn­ýan köm­ür Ger­ma­ni­ýa­nyň im­por­ty­nyň 38 gö­te­ri­mi­ni düz­ýär­di.