Ýaponiýanyň çempionaty “J-Liganyň” wekili “Ýokohama FK” futbol topary 53 ýaşly hüjümçisi Kazuýoşi Miura bilen şertnamasynyň möhletini ýene bir ýyllyk uzaltdy. 26-njy fewralda 54 ýaşynda gadam basjak ýaponiýaly futbolçy 2005-nji ýyldan bäri “Ýokohama” toparynda çykyş edip gelýär. Geçen möwsümde “J-Ligada” 4 duşuşyk geçiren Miura gol geçirtmek başartmady. Şa Kazu lakamly futbolçynyň täze şertnamasy oýunçynyň doglan gününden güýje girýär. Professional karýerasyndaky 36-njy möwsümine taýýarlyk görýän Miura öz ýurdunyň dürli klublaryndan başga-da Ýewropada “Jenoa”, “Dinamo Zagreb”, Awstraliýada “Sidneý FK” ýaly toparlaryň köýnekçesini geýdi. Ol klublarda 763 oýunda 221 gol geçirdi. Ýaponiýanyň milli ýygyndysy bilen 89 oýunda 55 gezek tapawutlanan Miura häzirki wagtda dünýäniň iň ýaşuly professional futbolçysy hasaplanýar. Ol ýokary ligada oýnan iň ýaşuly futbolçy diýlen ugurda rekordyň eýesidir.