10-njy ýanwarda Gazagystanda geçirilen Parlament saýlawlarynda dolandyryjy “Nur Otan” (Watan nury) partiýasy sesleriň 72 göterimine eýe bolup, ýeňiş gazandy. Aşaky palatanyň düzümine zerur 7 göterim päsgelçiligi ýeňip geçen Gazagystanyň Demokratik partiýasy “Ak žol” we Gazagystanyň Halk partiýasy hem girer. Bu syýasy güýçleriň üçüsi hem Parlamentiň häzirki düzüminde görkezilýär. Saýlawlara ýurtda hasaba alnan partiýalaryň 6-syndan bäşisi gatnaşdy.