“Samsung” kompaniýasy 200 megapiksel durulygynda surata düşürip bilýän smartfon sensorlaryny öndürmegi maksat edinýär. Koreý kompaniýasynyň smartfonlary ýokary hilli surata almagy bilen tapawutlanýar. Geçen ýyl “Samsyng” 108 megapikselli smartfon kamerasyny öndüripdi. Bu kamera sensorlary diňe öz smartfonlarynda däl, beýleki öndürijileriň smartfonlarynda hem ulanylýar. Täze sensor oturdylan smartfonlaryň haçan satuwa çykaryljakdygy häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar. Ýeri gelende aýtsak, mundan ozal “Samsung” şu ýylyň aprelinde 600 MP durulygyndaky sensory işläp taýýarlajakdyklaryny mälim edipdi. Kompaniýanyň wekilleriniň pikiriçe, bu sensorlar adamyň gözünden has jikme-jik maglumat alyp biler. Emma, bu ýokary durulykdaky kameralar smartfonlarda däl-de, dronlarda, awtonom ulaglarda, IoT-da (jisimleriň interneti) we ş.m beýleki ugurlarda peýdalanylar.