Krosswordyň soraglary
1. Tozanly ýa-da ýagynly uly ýel, harasat, tebigy bela, elhenç gaý.
2. «Süýji» sözüniň garşylykly manysy.
3. Afrikada bir döwlet
4. Müşk ýaly ýakymly ysly jisim.
5. Eliňiýüzüňi, bedeniňi ýuwmak üçin ulanylýan ysly sabyn, araksabyn.
6. Biri-biri bilen ylalaşykly, oňşukly.
7. Daş-töweregine çil çekilen ýer, pel.
8. Eginden aşyrylyp dakylýan guşagyň ady.
9. Kürtäniň, köýnegiň we ş. m. egninden aşyrylyp, boýuna goýberilýän bir in mata bölegi.
10. Dagystanyň ilatynyň bir bölegini düzýän halk.
11. Erkek adamlaryň geýýän tahýasy.
12. Ýüregiň urşuny, işleýşini çyzgylar arkaly ýazýan enjam
13. Oglana dakylýan at.
14. Dagyň, belentligiň üstünden geçýän ýol.
15. Üçburçluga meňzeş nagyş.
16. Pygamberleriň ady tutulanda «Oňa salam bolsun!» diýen manyda ulanylýan söz.
17. Iki adam bolup işledilýän iki tutarly uly byçgy.
18. Şagalaňly edilýän gürrüňden çykýan şowhun, galmagal.
19. Örän uzak, gaty daş.
20. Aýdylýan dilegler, ýagşy niýetler.
21. Gözýaş dökmek, gynanmak.
22. Aýal köýnekligi üçin tarada dokalýan ýörite mata.
23. Adamyn hyýalynda dörän we pikirinde göz öňüne getirilýän zat.
24. Süýşürintgi, artykmaç, tygşytlanan.
25. Adamyň ukuda görýän ahwalaty
26. Sport aýy.
27. Gara öýüň ýokarky işiginiň üstündäki uklar.
28. Höwürtge (köne söz).
29. Ak, ýalpyldawuk çägäni eretmek we himiki taýdan işlemek ýoly bilen alynýan dury jisim.
30. Gyşdan soňky pasyl
X
Congratulations
PDF







