Krosswordyň soraglary
1. Oňatlyk, gowulyk.
2. Gara öýüň artky tärimleriniň sepleşýän ýeri, düýp tärim tarapy.
3. Howsalaly hereket, başagaýlykly hereket.
4. Örän aýdyň.
5. Türkmen halk ertekisi.
6. Bulam-bujar, tertip-düzgünsiz.
7. Şelpeleri uzynja, zynjyra düzülen, tahýanyň öň tarapyndan dakylýan kümüş şaý.
8. Dok däl, hiç zat iýmedik.
9. Boýuntyrygyň samaçowlarynyň aşaky uçlaryny baglaýan ýüp.
10. Adama mahsus gylyk-häsiýet, adamçylyk.
11. Saýhallylyk, goýazylyk.
12. Ylalaşyklylyk, özara oňşuklylyk.
13. Gyssanmak, howlukmak.
14. Dagda, gumda bitýän ýowşana meňzeş ösümlik.
15. Ýüze, el-aýaga çykýan suwly ýara.
16. Yzaly, ünjüli.
17. Çagalaryň, ýetginjekleriň oýnaýan gadymy milli oýny.
18. Gizlin, ýaşyryn, duýdurman.
19. Aýtmaga mejbur etmek, aýtmaga mümkinçilik bermek.
20. Tärimi alty bölekli ak öý.
21. Edil, tüýs.
22. Ýoldan, ugruňdan sowa düşmek, terse gitmek.
23. Köpçülik bolup jemgyýetilik hojalygyny ýöretmek üçin kiçiräk kärhana.
24. Adam nesli, ynsanlar.
25. Köp sanly aýakdan çykýan ses.
26. Arzuwyň amala aşmak (söz düzümi).
27. Asmanyň ýokary gaty, ýpkardaky howa.
28. Ajy kakýan, çalaja ajy tagamly.
29. Yrakda, Eýranda, Türkiýede ýaşaýan gadymy halk.
30. Para-peşgeş almagy gowy görýän, nebsewür.
X
Congratulations