Italiýanyň Kubogy ýaryşynda çärýek finalçylaryň 4-si belli boldy. “Torino” toparyny golsuz tamamlanan oýunda 11 metrlik jerime urgularyndan soň ýeňen “Milan” çärýek finala çykdy. Şeýle-de “Inter” goşmaça wagtda “Fiorentinadan” 2–1 üstün çykmagy başardy. “Intere” ýeňiş getiren gollary Widal (40 p) bilen Lukaku (119) derwezä girizdi. Çärýek finalda “Milan” bilen “Interiň” duşuşjakdygyny hem belläliň. Kubogyň häzirki eýesi “Napoli” öz meýdançasynda “Empolini” 3-2 ýeňip (Di Lorenzo 18, Lozano 38, Petanýa 77 – Baýrami 33, 68), çärýek finala adyny ýazdyrdy. “Ýuwentus” topary-da kynlyk bilen bolsa, goşmaça wagtda “Jenoadan” 3–2 hasabynda üstün çykmagy başardy. Esasy wagty 2-2 (Kulusewski Morata 23 – Syborra 28, Melegoni 74) deňlikde tamamlanan oýunda “Ýuwentusy” çärýek finala çykaran goly 104-nji minutda ýaş futbolçy Hamza Rafiýa öz adyna ýazdyrdy.