13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň bilim ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg edilişi, şol bir wagtyň özünde ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol milli Liderimize Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin habar berdi.
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda Kaka etrabynyň çäginde umumy meýdany 6 gektara barabar bolan ýyladyşhana, Kaka we Babadaýhan etraplarynda ýokary halkara ülňüleri esasynda enjamlaşdyrylýan dokma toplumlary we Aşagabat-Tejen aralygynda ýokary tizlikde awtomobil ýoly hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji nobatdakysynyň binalar toplumy ulanmaga berler. Şu günler döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna gabatlanyp, ulanmaga beriljek desgalardaky işler häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýylda welaýat boýunça meýilleşdirilen ähli işleriň guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligi, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, şeýle hem ýaz ekişine guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, welaýatyň ilatyny elektrik energiýasy, tebigy gaz hem-de agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin ähli zerur tagallalar edilmelidir. Döwlet Baştutanymyz eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz şu nukdaýnazardan şanly baýramyň medeni maksatnamasyny taýýarlamaga hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir diýdi.
Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Ahal welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjow çagyryldy. Wise-premýer milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň etraplaryna guran iş saparynyň netijeleri, aýratyn-da, welaýatda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan dürli maksatly gurluşyk işleriniň, şol sanda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky işleriň ýokary hil derejesine we halkara görkezijilerine laýyk gelmelidigini belledi.
Şol bir wagtyň özünde welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleler ünsden düşürilmeli däldir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda wise-premýere hem-de häkime anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýa geçirilýän ideg işleri we ýaz ekişine görülýän toplumlaýyn taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde bar bolan umumybilim berýän orta mekdeplerde okuw ýylynyň ikinji ýarymyna başlamaga görülýän taýýarlyk işleri, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Şeýle hem häkim sebitde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada aýdyp, medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen 3 müň orunlyk «Türkmeniň ak öýi» hem-de 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň gurluşygynyň barşy, onda ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri, şeýle hem Daşoguz şäherinde 450 orunlyk köpugurly hassahananyň, 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň we şäheriň Görogly köçesiniň ugrunda 15 sany ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary barada giňişleýin habar berdi. Bu desgalardaky gurluşyk işleri kesgitlenen tertipnama laýyk derejede dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler alnyp barylýan meýdan işleri bilen bir hatarda, ýaz ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen, taýýarlyk işleriniň batly depginlerde ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Ýaz ekişini gysga wagtda we guramaçylykly geçirmek üçin zerur tagallalar edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şeýle hem welaýatyň ilatynyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjünçilik derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir. Şunuň bilen birlikde, mekdeplerde okuwyň ikinji ýarym ýyllygyna girişmäge taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeler barada aýdyp, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, dürli maksatly desgalary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi. Bellenilen işler bilen bir hatarda şanly sene mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň maksatnamasyny taýýarlamak meselesine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra şol bir wagtda göni aragatnaşyga çagyrylan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Daşoguz welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary G.Müşşikow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça welaýata bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üçin kuwwatly binýady döretmäge mümkinçilik berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan işlere aýratyn ähmiýet berilmelidir.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Daşoguz welaýatynda gurulýan desgalaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy, sebitiň ykdysady ösüşine bolşy ýaly, welaýatyň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna-da oňyn täsirini ýetirer. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz bu işlerde döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň mundan beýläk-de dowam etjekdigini aýdyp, gönükdirilýän serişdeleriň maksadalaýyk ulanylmagyny gazanmagyň esasy wezipeleriň biridigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere hem-de häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Bilim ulgamynyň işi kämilleşdirilýär
Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow hem-de ýurdumyzyň bilim ministri O.Gurbanow çagyryldy. Bilim ministri häzirki döwürde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde okuwyň ikinji ýarym ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri, ýokary okuw mekdeplerde gyşky synaglaryň dowam edýändigi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, gyş günlerinde mekdepleriň we beýleki bilim ojaklarynyň ýyladyş ulgamynyň işine möhüm ähmiýet berilýär, umumybilim berýän mekdepleriň okuw gollanmalarynyň, degişli bilim esbaplarynyň üpjünçilik derejesi yzygiderli gözegçilikde saklanylýar, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak wezipelerine möhüm ähmiýet berilýär. Ministr bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmek, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwürde sanly ulgamy ornaşdyrmak, ylmyň gazananlaryny we täzeçil tehnologiýalary işjeň özleşdirmek babatda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, orta mekdeplerde okuwyň ikinji ýarym ýylyna guramaçylykly girişmek üçin ähli zerur çäreler görülmelidir. Munuň üçin mekdepleriň üpjünçilik derejesine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda ministre birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ýurdumyzyň bilim ulgamynda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ony hil babatda dünýäniň ösen derejesine çykarmak, şol bir wagtyň özünde ýaş alymlaryň ylmy açyşlary üçin zerur şertleri döretmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunlukda, bu ugra sanly ulgamy ornaşdyrmak, bilimiň derejesini ýokarlandyrmak, hünär taýdan kämilleşdiriş meselelerini işjeňleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmakda, sanly ulgamy işjeňleşdirmekde, halk hojalygynyň pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda ýurdumyzyň bilim edaralaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi.
Bu ulgamda alnyp barylýan işler häzirki döwrüň ösen talaplaryna we halkara ülňülerine doly laýyk gelmelidir. Bilim edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen, oňa häzirki zamanyň ösen tejribeleri, täzeçil tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem bilim ulgamyna degişli edaralarda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk derejesine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine «Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.