Dün­ýä bel­li «App­le» kom­pa­ni­ýa­sy «iP­ho­ne» smart­fon­la­ry, «akyl­ly» sa­gat­la­ry, dür­li komp­ýu­ter we elekt­ron en­jam­la­ry ön­dür­me­gi bi­len ta­nal­ýar. Bu kom­pa­ni­ýa­nyň önüm­çi­lik mak­sat­na­ma­sy­nyň çä­gi gi­ňel­dil­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da kom­pa­ni­ýa sü­rü­ji­siz aw­tou­lag önüm­çi­li­gi bi­len gy­zyk­lan­ýar. Mun­dan ozal «App­le» aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len dür­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la go­ýup­dy. Şol hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy ulag­la­ryň iç­ki di­zaý­ny­ny, ses ul­ga­my­ny taý­ýar­la­mak ýa­ly iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­rip­di. In­di bol­sa kom­pa­ni­ýa bi­le­lik­de aw­tou­lag ön­dür­me­gi mak­sat edin­ýär. Mu­nuň üçin «Hy­un­dai» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len gep­le­şik­le­ri ge­çi­rip ba­şla­dy. Bu hyz­mat­daş­lyk ba­şa ba­ran ha­la­tyn­da il­kin­ji önüm­çi­lik 2024-nji ýyl­da ama­la aşy­ry­lar. Iki iri kom­pa­ni­ýa­nyň ara­syn­da elek­trik to­gy bi­len he­re­ket ed­ýän sü­rü­ji­siz aw­tou­lag­la­ryň önüm­çi­li­gi ba­bat­da ýa­kyn gel­jek­de ahyr­ky yla­la­şy­gyň ga­za­nyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de 2024-nji ýyl­da ABŞ-da önüm­çi­li­gi­ne gi­riş­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. ABŞ-da gu­rul­jak önüm­çi­lik des­ga­syn­da, il­kin­ji no­bat­da, her ýyl­da 100 müň ulag ön­dü­ri­ler. Za­wo­dyň umu­my kuw­wa­ty ýyl­da 400 müň ulag ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir. Bu iki iri kom­pa­ni­ýa­nyň ara­syn­da öza­ra gep­le­şik­leriň ýo­la goý­lan­dy­gy mälim edi­len­den soň­ra «Hy­un­dai» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry 20 gö­te­rim gym­mat­la­dy.

Arap­my­rat NUR­NA­ZA­ROW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.