Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda halkara ülňüleriniň ýokary talaplaryna doly laýyk gelýän iň täze, şol sanda sanly tehnologiýalar, önjeýli zähmet serişdeleri, ýokary öndürijilikli tehniki enjamlary giňden ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ykdysadyýet, senagat, önümçilik, bilim, medeniýet, hyzmatlar ýaly dürli ugurlara hemmetaraplaýyn ornaşdyrmak üçin birnäçe taslama durmuşa geçirilýär. Sanly tehnologiýa gündelik durmuşda, okuwda, işde düýpli özgerişlere getirýär, ýeňillikleri döredýär. Tehnologik özgerişleriň çalt depginde bolup geçmegi täze iş modelleriň döremegine, mümkinçilikleriň artmagyna, esasan, köp ilatly şäherlerde ýaşaýjylaryň işini ýeňilleşdirýär.
Uly şäherler ýaşaýjylaryna medeni we jemgyýetçilik babatda has köp mümkinçilik hödürleýär. Emma käbir şäherde ilatyň, ulag serişdeleriniň we önümçilik desgalarynyň köplügi zerarly howanyň hapalanmagyna, ýol dyknyşyklarynyň we galmagalyň artmagyna hem getirip bilýär. Ösen aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary iri şäherleriň howasynyň has arassa, ýaşamak üçin has amatly bolmagyna mümkinçilik berýär. Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, 2050-nji ýyla çenli dünýä ilatynyň üçden iki bölegi şäherlerde ýaşar. Bu bolsa «akylly» şäherleri döretmek üçin sanly tehnologiýalaryň kämilleşmegine itergi berýär. «Akylly» şäherleriň esasy aýratynlygy dürli aragatnaşyk infrastrukturasynyň hemmeler üçin elýeterli bolmagydyr. Bu infrastruktura aragatnaşyk tehnologiýasynyň kömegi bilen energiýa we ulag ulgamyny maglumatlara esaslanyp döretmekden ybarat bolup durýar. «Akylly» şäherler islendik serişdäniň zaýalanmagynyň öňüni almak we ulanyşdan galan harytlary gaýtadan çig mal hökmünde peýdalanmak ýaly ugurlarda hem durnuklylygy üpjün edýär.
«Akylly» öýler energiýany mümkingadar tygşytly ulanmak üçin gerekli maglumatlary eýesine wagtly-wagtyna ýetirip durýar. Mysal üçin, howanyň ýagdaýyny bilmek arkaly otaglaryň temperaturasy belli bir derejede saklanyp bilner.
Şäheriň içindäki gatnawyň ýeke-täk merkezden dolandyrylmagy netijesinde sürüjiler barmak isleýän ýerlerine ýol hereketiniň iň az bolan ýeri boýunça ugrukdyrylar. Energiýany tygşytlamak maksady bilen ýolda ulag hereketiniň we pyýadalaryň bolmadyk ýagdaýynda ýagtylandyryjy çyralaryň güýji peseler. Ýörite sensorlar ulag ýa-da ýolagçy golaýlanda kadaly ýagdaýda ýanyp başlar. «Akylly» şäherler tehnologiýa arkaly bar bolan çeşmeleri has netijeli peýdalanmagy, howanyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyny, şeýle hem ýaşaýjylara hödürleýän mümkinçilikleri bilen olaryň ygtybarly we rahat durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär.
Gülşat Akyýewa,
Nyýazsoltan Nobatowa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary.