Günorta Koreýanyň «Petpuls» kompaniýasy itleriň duýgularyny kesgitläp bilýän «akylly» boýunbag işläp düzdi. Bu enjam arkaly itleriň rahat, aladaly, gaharly we gynançly ýagdaýlaryny kesgitläp bolýar. Bu enjam itleriň sesinden olaryň duýgularyny kesgitleýär. «Petpuls» kompaniýasynyň marketing boýunça müdiri Endrýu Gil bu enjamyň itler bilen eýeleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigini belledi. Itiň duýgularyny smartfondaky mobil goşundysy arkaly bilip bolar.
Itleriň duýgularyny kesgitlemek üçin ýörite algoritm işlenip düzüldi. Oňa 50 görnüşli itiň 10 müňden gowrak sesi ýazgy edildi. Kompaniýanyň hünärmenleri tarapyndan bu ýazgylar 2017-nji ýyldan bäri ýygnalyp gelinýärdi we 3 ýyl üstünde işlenenden soňra şeýle enjam taýýarlandy. Algoritmiň takyklygy Seul milli uniwersitetinde synag edilip, onuň netijesi 90 göterime deň boldy.
Aýbölek ŞAMUHAMMEDOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.