Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlarda meşhurlygy has-da artýan Germaniýanyň saglygy goraýyş ministri Ýens Şpan şu ýylyň sentýabr aýynda Germaniýanyň Kansleri wezipesine dalaşgär bolmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar. Ozal habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Germaniýada Parlament (Bundestag) saýlawlary geçiriler. Ýurduň häzirki Kansleri Angela Merkel umumyfederal Parlament saýlawlarynda öz dalaşgärligini hödürlemejekdigini mälim etdi. Ýakyn günlerde nemes konserwatorlarynyň – Hristian Demokratik Bileleşiginiň (CDU) gurultaýy geçiriler. Onda partiýanyň täze başlygy saýlanar. Bu gurultaýda Ýens Şpan Germaniýanyň Kansleri wezipesine dalaşgär bolar. CDU-nyň başlygy wezipesine üç dalaşgär resmi taýdan hödürlenýär– işewür Fridrih Mers, Demirgazyk Reýn federal sebitiniň Premýer-ministri Armin Lasşet we Bundestagyň halkara gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Norbert Rýotgen.
Soňky hepdelerde saglygy goraýyş ministri Ýens Şpan partiýanyň wekilleri bilen özüniň syýasy mümkinçiliklerini işjeň ara alyp maslahatlaşýar. Ol mundan ozal Armin Laşetiň CDU-nyň başlygy wezipesine dalaşgärligini goldaýardy. Ýens Şpan partiýanyň başlygy wezipesine bolan bäsdeşlige gatnaşmasa-da, Kansler wezipesine geçmek mümkinçiliklerine garaýar. CDU-nyň birnäçe wekiliniň tassyklamagyna görä, Armin Laşet CDU-nyň başlygy wezipesini eýelän halatynda-da Ýens Şpan bu mümkinçiligi göz öňünde tutar.
Geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda «Kantar» seljeriş merkezi tarapyndan geçirilen pikir soralşygyň netijeleri 2021-nji ýylda Ýens Şpanyň Kansler wezipesini eýelejekdigini görkezdi. Şol pikir soralşykda saglyk ministri sesleriň 51 göterimini gazanyp, meşhurlygy boýunça Angela Merkelden öňe geçdi.