Ýa­kyn Gün­do­gar­da il­kin­ji ge­zek di­ňe er­kek ki­şi­ler üçin ni­ýet­le­nen «Arab Fas­hi­on We­ek» at­ly mo­da hep­de­li­gi 28-30-njy ýan­war ara­ly­gyn­da Du­baý­da ge­çi­ri­ler. Çä­rä­ni Arap mo­da ge­ňe­şi we «Facebook» kor­po­ra­si­ýa­sy gu­ra­ýar. Gel­jek­de bu çä­rä­ni ýyl­da iki ge­zek – ýan­war we iýun aý­la­ryn­da ge­çir­mek we dün­ýäniň mo­da ser­gi­le­ri­niň se­ne­na­ma­syn­da mö­hüm wa­ka öwür­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
– Mo­da bo­lan ga­ra­ýyş ýa­ly daş-tö­we­re­gi­miz­dä­ki dün­ýä hem bar­ha ösüp öz­ger­ýär. Bu, esa­san, Ýa­kyn Gün­do­gar­da gö­ze il­ýär. Arap mo­da hep­de­li­gin­de gün­de­lik dur­mu­şa mah­sus bol­ma­dyk öz­bo­luş­ly er­kek eşik­le­ri gör­ke­zi­ler – di­ýip, Arap mo­da ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Mu­ham­med Ak­ra aýt­dy.
Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­den, Li­wan­dan, Ka­tar­dan we Eý­ran­dan ge­len di­zaý­ner­ler mo­da ser­gi­sin­de öz iş­le­ri­ni gör­ke­zer­ler. Bu­lar­dan baş­ga-da Du­baý­da­ky çä­re­le­rde Pa­riž mo­da hep­de­li­gi­ne gat­na­şan di­zaý­ner­ler öz iş­le­ri­ni hö­dür­lär­ler.