Daniýanyň meteorologiýa institutynyň täze maglumatlaryna laýyklykda, 2020-nji ýyl taryhy ähmiýete eýedir. Institut 1874-nji ýyldan bäri tutuş ýylyň dowamynda bir gezek hem ýylylygyň noldan aşak düşmändigini hasaba aldy. Bu ýurtda howa ýagdaýynyň derejesini ölçemäge 1874-nji ýylda başlandygy bellenilýär. Barlag geçirijiler 2019-2020-nji ýyllaryň gyşynyň hem 1874-nji ýyldan bäri iň maýyl ýyllar bolandygyny belleýärler.
Soňky wagtlar howa ýagdaýynyň üýtgemeginiň Skandinawiýa ýurtlarynda barha artýandygy tassyklanýar. Demirgazyk sebitiň ýurtlary yzygiderli täze temperatura rekordlaryny yglan edýärler. Ondan öň goňşy Şwesiýada 2020-nji ýylda ýurtda ortaça temperaturanyň soňky 160 ýyla garanyňda, has ýokary bolandygy mälim edildi.