Daniýanyň hökümeti Parlament bilen ylalaşyp, 2030-njy ýyla çenli azyndan 775 müň elektrik ýa-da gibrid ulaglaryny satyn almak barada karar kabul etdi. Bu karar Daniýanyň 2030-njy ýyla çenli howa goýberilýän zyýanly gazlaryň mukdaryny 70 göterim azaltmak baradaky maksadyna ýetmek üçin iň soňky ädimleriň biri bolar. Şeýle hem hökümet ilkinji 775 müň ulaga pul serişdesini bölüp berýän häzirki ylalaşygyna garamazdan, 2030-njy ýyla çenli ýollarda elektroulaglaryň sanyny bir milliona ýetirmek üçin toplumlaýyn meýilnamalary yglan etdi. Maksatnamany durmuşa geçirmek üçin jemi 2,5 milliard Daniýa krony (335 million ýewrodan gowrak) bölünip berler.
Häzirki wagtda Daniýada bary-ýogy 20 müň töweregi elektroulag bolup, ýurtda hasaba alnan awtoulaglaryň umumy sany 2,5 milliona deňdir. Täze şertnama laýyklykda, ýangyç bilen işleýän ulaglardan alynýan salgytlar we ýygymlar kem-kemden artar we täze ulaglara salynýan salgytlar howany näderejede hapalaýandygyna bagly bolar, bu hem alyjylaryň gözüniň alnynda gibridleriň we elektroulaglaryň aýratynlygyny subut eder. Daniýanyň hökümeti bu maksatnamanyň howa goýberilýän zyýanly gazlaryň mukdaryny 2 million tonnadan gowrak azaldar diýip hasaplaýar.