Bütindünýä bankynyň (The World Bank) «Global ykdysady perspektiwalar» (GEP) atly täze hasabatynda dünýä ykdysadyýetiniň 2021-nji ýylda 4 göterim ösjekdigi tassyklanýar.
Bütindünýä bankynyň bilermenleri dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň öňüni almak we maýa goýumlarynyň ösüşine itergi berýän özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen has aýgytly çäreler görülmedik halatynda ykdysady dikelişiň belli bir derejede haýal boljakdygyny çaklaýarlar. Olaryň bellemegine görä, dünýä ykdysadyýeti 2020-nji ýylda 4,3 göterim peselenden soň ýene-de ösüş ýoluna başlady.
Bütindünýä bankynyň wekilleriniň çaklamalaryna görä, 2021-nji ýylda ABŞ-nyň jemi içerki önümi 3,5 göterim, ýewro zolagyňky 3,6 göterim, Ýaponiýanyňky 2,5 göterim öser. Halkara maliýe edarasynyň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda ABŞ-nyň ykdysadyýeti 3,6 göterim, ýewro zolagyň ykdysadyýeti 7,4 göterim, Ýaponiýanyňky 5,3 göterim pese düşdi. Hytaýyň ykdysadyýeti 2020-nji ýylda 2 göterim ýokarlandy, onuň şu ýyl hem 7,9 göterim ösmegine garaşylýar.