Hytaýyň daşary işler ministri şu ýyldaky ilkinji resmi saparyny Afrika ýurtlaryndan başlamak bilen daşary syýasat edarasynyň ozaldan gelýän däplerini dowam etdirdi. Hytaýyň daşary işler ministri Wan I Nigeriýa, Kongo Demokratik Respublikasyna, Botswana, Tanzaniýa we Seýşel adalaryna baryp, bu ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirli ýagdaýy we geljegi bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdy.
Hytaý diplomatiýasynyň başlygy Afrika saparyna başlamazdan öň Kipre baryp, kärdeşi Nikos Hristodulidis bilen duşuşdy. Taraplar bu duşuşykda, esasan, Ýewropa Bileleşigi bilen HHR-iň arasyndaky gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Hua Çunin iki tarap üçinem iň möhüm zadyň parahatçylykly, özara oňşukly ýaşamak, açyk hyzmatdaşlyk, gepleşiklere ygrarly bolmak ýörelgelerini berjaý etmekdigini aýtdy.
– Esasy orunda, hyzmatdaşlygymyz we özara düşünişmek meselelerimiz bolup, olar köp babatda beýleki meselelerden öňe saýlanýar. Hytaý we Ýewropa Bileleşigi bäsdeş däl-de, doly hukukly strategik hyzmatdaşlardyr. Biziň esasy wezipämiz, global meseleleri bilelikde çözmek, köptaraply dünýäni ösdürmek, ykdysady taýdan globallaşmak, halkara gatnaşyklaryny ösdürmek we özgerip duran dünýämize has durnuklylyk we ynam getirmekden ybaratdyr – diýip, Hua Çunin belledi.
Hytaýyň maýa goýumlary netijesinde Afrikada 6 müň kilometr demir ýol we 6 müň kilometr awtoulag ýoly guruldy, 20 töweregi deňiz porty we 80-den gowrak iri elektrik desgasy işe girizildi. Soňky 20 ýylda Hytaý bilen Afrika döwletleriniň arasyndaky söwdanyň mukdary 20 esse, Hytaýyň göni maýa goýumlary 100 esse artdy.