Dün­ýä­niň iň köp adam­ly şä­her­le­ri­niň bi­ri bo­lan De­li şä­he­ri­ne sy­ýa­hat et­mek il­ki baş­da kyn­çy­lyk­ly gö­rün­se hem, 2000 ýy­lyň do­wa­myn­da tap­gyr tap­gyr gur­lan bu şä­her bi­len ta­nyş­mak Azi­ýa ta­ry­hy­nyň dür­li dö­wür­le­ri­ni ýa­kyn­dan syn­la­mak ba­ba­tyn­da äh­mi­ýet­li­dir. De­li şä­he­rin­de kö­çe ta­gam­la­ryn­dan baş­lap, jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­na çen­li äh­li ugur­lar­da köp­dür­li­lik öňe sü­rül­ýär. Bu köp­dür­li­lik bol­sa, hin­di ta­ry­hy bi­len bir­le­şip, sy­ýa­hat­çy­lyk üçin ta­pyl­gy­syz aja­ýyp­ly­ga öw­rül­ýär. Şu sa­ny­myz­da De­li­niň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ryn­dan bä­şi­si­ni si­ze ýe­tir­ýä­ris:

Taý­ýar ta­gam­la­r. Hin­di kö­çe ta­gam­la­ry di­ňe De­li şä­he­rin­de däl, eý­sem, tu­tuş ýurt­da meş­hur­dyr. Üs­ti no­hut, ýe­ral­ma, burç we ýo­gurt bi­len ör­tü­len çat­pap­di çöregi, içi ajy go­şun­dy­la­ryň esa­syn­da taý­ýar­la­nan ýeral­ma we no­hut bi­len dol­du­ry­lan gol­gap­pa şä­he­riň Kö­ne De­li at­ly bö­le­gi­niň iň esa­sy ta­gam­la­ry ha­sap­la­nyl­ýar. Şeý­le hem içi gök önüm­li gow­ru­lan ça­pa­dy­la­ry, çi­şir­len ke­bap­la­ry we aý­law gör­nüş­li gow­ru­lan süý­jü­lik­le­ri göz­den syp­dyr­maň.
Hu­ma­ýu­nyň maw­zo­le­ýi. Hu­ma­ýu­nyň maw­zo­le­ýi pars ne­pis­li­gi­ni hin­di us­sat­ly­gy bi­len bir­leş­dir­ýär we aja­ýyp çy­zyk­la­ry sim­met­rik Mu­gal bag­la­ry bi­len saz­laş­ýar. Gü­nüň ýaş­ýan wag­ty­na go­laý bu ýer­de iň owa­dan su­rat­la­ry dü­şür­mek müm­kin. Gün­di­zi­ne sy­ýa­hat et­se­ňiz, onuň bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ýa­kyn­dan tan­şyp bi­ler­si­ňiz. Hu­ma­ýu­nyň maw­zo­le­ýi Täç Ma­ha­lyň bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň göz­baş al­ýan ýe­ri hem ha­sap­la­nyl­ýar.
Gy­zyl ga­la. Be­ýik Mo­gol­lar im­pe­ri­ýa­sy döw­rün­de gur­lan Gy­zyl ga­la­nyň di­war­la­ry si­zi ta­ry­hyň jüm­mü­şi­ne aralaşdyrar. Ga­la­nyň kä­bir bö­lüm­le­ri abat­la­nan hem bol­sa, siz bu ýer­de ys­lam bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bri­tan me­de­ni­ýe­ti bi­len ut­gaş­ma­gy­na şa­ýat bo­lar­sy­ňyz. Hin­dis­ta­nyň baş baý­ra­my bo­lan Res­pub­li­ka gününe ga­bat gel­se­ňiz, bu ýer­de ge­çi­ril­ýän şow­hun­ly çy­kyş­la­ra to­ma­şa e­dip bi­ler­si­ňiz. Şeý­le hem Mi­na ba­za­ry­na çy­ka­ryl­ýan mil­li ha­ryt­lar bi­len ta­ny­şyp bi­ler­si­ňiz.
Söw­da. De­li­niň kö­çe­le­ri­ni döw­let dü­kan­la­ry bilen bir ha­tar­da hu­su­sy­ýet­çi­le­riň ba­zar­la­ry be­ze­ýär. Eger hin­di me­de­ni­ýe­ti­ne ýug­ru­lan söw­da mer­kez­le­ri­ne git­mek is­le­se­ňiz esa­sy ýer hök­mün­de Ba­ba Ka­rak Sinh Marg söw­da mer­ke­zi mas­la­hat be­ril­ýär. Bu mer­kez şä­he­riň esa­sy ma­li­ýe mer­kez­le­ri­niň bi­ri bo­lan Kon­not köş­gü­niň ýa­ky­nyn­da ýer­leş­ýär. Ýer­li ba­zar­la­ry ýa­kyn­dan syn­la­mak is­le­ýän­ler üçin bol­sa, Sa­ro­ji­ni Na­gar et­ra­byn­da Jan­path kö­çe­si­niň ug­run­da­ky ba­zar­lar amat­ly bo­lar.
Kö­ne De­li. Kö­ne De­li­niň da­ra­jyk kö­çe­le­ri si­zi Or­ta asyr­la­ra ga­ýy­ba­na alyp gi­der. Her çat­ryk­da bir-bi­rin­den gym­mat­ly ta­ry­hy eser­ler bi­len do­ly şä­he­riň bu bö­le­gin­de meş­hur ur­du şa­hy­ry Mir­za Ga­li­biň öýi, Hin­dis­ta­nyň iň uly met­ji­di bo­lan Ja­ma met­ji­di, Azi­ýa­nyň iň uly ir-iý­miş we dür­li gör­nüş­li burç­la­ryň sa­tyl­ýan ba­za­ry bo­lan Ha­ri Bao­li ba­za­ry ýer­leş­ýär. Ge­ze­len­ji­ňi­ziň do­wa­myn­da dür­li reňk­le­re be­ze­len XVIII asy­ra de­giş­li jaý­la­ry syn­la­ma­gy hem göz­den sal­maň.