Teatryň halkara üstünligi

8

22-31-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa oblastynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan Moskwa şäherinde belli rus ýazyjysy we dramaturgy A.P.Çehowyň döredijiligine bagyşlanyp geçirilen «Melihowanyň bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna ýurdumyzyň A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry hem gatnaşdy. Teatryň döredijilik topary ýaş režissýor B.Garajaýewiň sahnalaşdyran «Çehowyň degişmeleri» («Чеховские водевили») sahna oýny bilen gatnaşdylar. Sahna oýnunyň pýesasy belli rus ýazyjysynyň ýaşlaryň watanperwerlik, adamçylyk terbiýesine täsir edýän inçe psihologik oýlanmalaryna ulaşýan degişmelerini özünde jemleýär. Sahna oýny başdan-aýak janly saz bilen bezelýär. Oýnuň sahna bezegindäki çeperçilik çözgütleri ynsanyň ýaşaýşa bolan söýgüsini joşdurýar, nesilme-nesil aşyp gelýän maşgala mukaddesliklerini dabaralandyrýar. Türkmen sahna ussatlarynyň rus dilinde oýnan bu sahna oýny tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Esasan hem, sahna oýnunyň režissýorlyk kämilligi aýratyn baha eýe boldy. Bu halkara festiwalyna 10-dan gowrak döwletden 27 sahna oýny gatnaşdy.
Türkmen teatr artistleri mundan başga-da, festiwalyň çäginde beýleki döwletleriň sahna oýunlaryna tomaşa etdiler. Döredijilik duşuşyklarynda türkmen hünärmenleri hem çykyş edip, ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň dowamynda, şeýle hem häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen teatrlarymyzda hem-de sirklerimizde goýulýan sahna oýunlarynyň, sirk tomaşalarynyň mazmuny, halkara festiwallarynda gazanýan abraýly ýeňişleri barada çykyş edip, wideoşekilli görnüşleri görkezdiler.
Moskwada geçirilen bu sungat baýramynyň netijeleri boýunça A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatrynyň döredijilik topary halkara teatr festiwalynyň Kubogyna mynasyp boldy.

Çeşme: medeniyet.gov.tm