Köne surat albomlaryny gözden geçirýärkäňiz, megerem, geň ýagdaýa üns beren bolsaňyz gerek. Toý, doglan gün ýa-da haýsydyr bir baýramçylyk pursady, ýöne fotosuratda hiç kim ýylgyrmaýar. Hemmeler çynlakaý äheňde, agras ýüzli. Eýsem, köne fotosuratlardaky çynlakaý bakyşlaryň aňyrsynda nähili sebäpler barka?! Bu surata düşürmegiň tehniki taýdan kemçiligimi ýa-da medeniýetiň alamatymy?!
Fotosuratlar häzirki zaman durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir. Soňky wagtlar surata ýylgyryp we begençli keşpde düşülýän bolsa, XIX asyra dolansak, düýbünden başga bir gurşawa göz ýetirýärsiň.
Ýylgyrman surata düşmegiň esasy sebäpleriniň biri şol döwürdäki fotoenjamlary gurnamak bilen baglydyr. Köne fotoenjamlarda surata düşürmek üçin birnäçe minut wagt gerek bolandygy sebäpli, adamyň ýylgyryşyny takyk surata düşürip bolmandyr. Şol sebäpli surata düşýän adamlar gymyldaman garaşmaly bolupdyrlar. Hereket bolan halatynda suratda bulaşyklyk emele gelipdir.
Professor Kristina Koçemidowanyň pikirine görä, kameranyň öňünde edepli surata düşmek jemgyýetçilik kadalary bilen baglanyşykly hasap edilýär. Şol döwürde fotosurata seredip, suratçynyň hünär ussatlygyna we estetika baha berlipdir. Şonuň üçin fotosuratçylar adamlary çynlakaý ýagdaýda surata düşürmäge çalşypdyrlar. Başgaça aýdylanda, şol wagtlar fotosurat gysga wagtlyk duýgyny däl-de, adamyň jemgyýetdäki abraýyny görkezmek üçin niýetlenipdir.
Başga bir maglumata görä, 200 ýyl mundan ozal adamlaryň ýylgyrman surata düşmeginiň sebäbi psihologik we sosial kadalar bilen baglydyr. Şol döwürler sebäpsiz ýylgyrmak oňyn many bermändir. Fotosuratçylar ýylgyrmagy dälilik we mekirlik ýaly adam häsiýetleri bilen baglanyşdyrypdyrlar. Agras keşpdäki adamlar asylly we abraýly kişiler hasap edilipdir.
Käbir bilermenleriň pikiriçe, fotosurat oýlanyp tapylanda suratkeşlik däplerinden nusga alypdyr. Bu bolsa agras keşpli fotosuraty emele getiripdir. Belläp geçsek, şol döwrüň kartinalarynyň ählisinden tapawutly başga bir surat eseri köpleri geň galdyrypdyr. Bu Leonardo da Winçiniň «Mona Liza» kartinasydyr. Meşhur italýan suratkeşi syrly ýylgyrýan Mona Lizanyň kartinasyny döretmek üçin ýyllarboýy zähmet çekipdir.
Häzirki wagtda «cheez» (peýnir) diýip ýylgyryp, surata düşmek ýörgünli däbe öwrüldi. Emma öňki adamlar ýylgyryp surata düşmegi estetika gabat gelmeýän gödeklik hasaplapdyrlar. Fotosuraty geljek üçin hemişelik ýazgy we maglumat hökmünde kabul edilipdir. Şol sebäpli hem surata kämil derejede düşüpdirler.
PDF









