G7 topary ýurtlarynyň sammiti 11-nji iýundan 13-nji iýun aralygynda Angliýanyň günortasyndaky Kornuoll graflygynyň Karbis-beý aýlagynda geçiriler. “G7 toparyna girýän ýurtlaryň Premýer-ministrleri we Prezidentleri iýun aýynda Kornuollda ýygnanyp, koronawirusa we howanyň üýtgemegine garşy göreşmekden başlap, meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşarlar. Awstraliýanyň, Hindistanyň we Günorta Koreýanyň myhman ýurtlar hökmünde gatnaşmaga çagyrylandygy habar berildi.

Duşuşyk soňky iki ýylda “Uly ýediligiň” ilkinji ýüzbe-ýüz sammiti bolar. G7 toparynyň düzümine Angliýa, Kanada, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi girýär. Bu sammit ABŞ-nyň täze Prezidenti Jozef Baýden üçin ilkinji möhüm halkara çäre bolup biler.

“G7 sammitinde dünýäde açyklygy we gülläp ösüşi üpjün etmek üçin umumy gymmatlyklarymyz we diplomatik täsirimiz ulanylar – diýlip Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonsonyň beýanatynda bellenilýär.

Premýer-ministr Kornoullyň sammitiň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanmagyny bu aýlagyň gözelligi, baý taryhy geçmişi, durnukly innowasiýalary durmuşa geçirmekdäki ähmiýeti, şeýle hem G7 toparynyň sammitiniň sebite getirjek ykdysady peýdalary bilen düşündirdi.

Boris Jonson bu ýylyň Angliýa üçin möhüm ýyl boljakdygyny mälim etdi. Fewral aýynda Angliýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlyklygyny alar, soň bolsa bilim boýunça halkara maslahat we BMG-niň howa sammitini geçirer.