BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş ikinji bäş ýyllyk möhlete gaýtadan saýlanmak kararyny resmi taýdan yglan etdi. Guramanyň habarlar merkeziniň habaryna görä, bu barada onuň metbugat sekretary Stefan Dýužarrik habar berdi. BMG-niň başlygy Antonio Guterreş, Baş Assambleýanyň başlygynyň haýyşyna jogap edip, guramanyň agzalarynyň islegi bolsa, ikinji möhlete saýlanmagyna garşy bolmajakdygyny aýtdy. Ol BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygyna degişli haty iberdi.
Stefan Dužarrikiň belleýşi ýaly, Antonio Guterreş sebitdäki toparlaryň ýolbaşçylary bilen bu barada telefon arkaly maslahatlaşdy. Şeýle hem Geňeşiň hemişelik bäş agzasy bilen bu meseläni ara alyp maslahatlaşdy. Antonio Guterreşiň dalaşgärligi 2016-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Howpsuzlyk Geňeşiniň teklibi bilen ses bermezden BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan tassyklanandan soň, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda BMG-niň Baş sekretary wezipesine başlady. Şol döwürde Antonio Guterreş BMG-niň Bosgunlar boýunça Ýokary komissary bolup işledi.
Antonio Guterreş 1949-njy ýylyň 30-njy aprelinde Lissabonda dünýä indi. Ýokary tehniki institutda inženerçilik we fizika ugrundan bilim aldy, uniwersitetde mugallymçylyk etdi. 1974-nji ýylda Antonio Guterreş Sosialistik partiýa girdi we 1995-nji ýylda partiýanyň baş sekretary wezipesine saýlanandan üç ýyl soň Portugaliýanyň Premýer-ministri boldy.
Antonio Guterreş, Pan Gi Munuň ornuna BMG-niň dokuzynjy Baş sekretary boldy. Ban Ki-Mundan öň bu wezipäni Kofi Annan (1997-2006), Butros Boutros-Gali (1992-1996), Hawýer Peres de Kuelýar (1982-1991), Kurt Waldhaým (1972-1981), U Thant (1961-1971), Dag Hammarşeld (1953-1961) we Trýugwe Li (1946-1952) eýelediler. BMG-niň taryhynyň dowamynda sekretariata Günbatar Ýewropanyň üç wekili, Afrikadan we Aziýadan iki wekil, Latyn Amerikasyndan bir wekil ýolbaşçylyk etdi.
BMG-nyň Baş sekretary guramanyň baş ýerine ýetiriji direktory bolup, Howpsuzlyk Geňeşiniň teklibi bilen Baş Assambleýa tarapyndan bellenilýär.