“Apple” ýüzi biometrik usulda tanamak ulgamy bilen baglanyşykly täze patent aldy. Ulgamda ýerleşdirilen “Face ID” skaneriniň täze nesli ýüzüň ýylylyk kartasyndan peýdalanýar. Häzirki wagtda tehnologiýanyň esasy kemçiliklerinden biri hökmünde ýüz örtükleri sebäpli gulp açmak işi çylşyrymlaşdyrypdy. Sensoryň täze wersiýasynda adamyň özboluşly termiki “goly” ulanylar, bu bolsa smartfon eýelerine agyz-burun örtügini aýyrmazdan islendik wagt enjamyň gulpuny açmaga mümkinçilik berer. Täze aýratynlygyň “Apple” kompaniýasynyň şu ýylyň güýzünde tanyşdyrjak “Iphone” smartfonlaryna oturdyljakdygy aýdylýar.